Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HIMIÝA PUDAGY ÖSÜŞ ÝOLUNDA

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, güneşli Diýarymyzda himiýa senagaty batly gadamlar bilen ösýär. Aýratyn-da soňky ýyllarda ýurdumyzda çig mallaryň gaýtadan işlenilýän hem-de baýlaşdyrylýan görnüşleriniň möçberi barha artýar. Şunlukda mineral dökünleriň dürli görnüşlerini öndürmegiň hasabyna bu pudak ösüşden-ösüşe barýar.

surat

Bu mö­hüm se­na­gat puda­gy­ny düýp­li ös­dür­mä­ge Türk­me­na­ba­dyň S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky hi­mi­ýa za­wo­dy­nyň iş­gär­le­ri öz­le­ri­niň my­na­syp go­şant­la­ry­ny goş­ýar­lar. Kär­hana­nyň dur­ku­nyň tä­ze­le­nil­me­gi bu ýer­de ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň gör­nüş­le­ri­niň art­ma­gy­na we ola­ryň hi­li­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na oňyn tä­sir et­di. Hä­zir­ki wagt­da iş­gär­le­riň ag­zy­bir­lik­li tu­tan­ýer­li zäh­me­ti bi­len ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar.

Şu ýy­lyň ge­çen al­ty aýyn­da za­wo­da fos­for­ly mi­ne­ral dökün­le­riň me­ýil­na­ma bo­ýun­ça 76 müň 800 ton­na­sy­na de­rek 134 müň 700 ton­na­sy ön­dü­ril­di. Mu­nuň özi zäh­met borç­na­ma­sy 175,4 gö­te­rim ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di diý­mek­dir. Kär­ha­na­nyň iş­gärle­ri mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len bir ha­tar­da kü­kürt kis­lo­ta­sy­ny ön­dür­mek­de hem ýo­ka­ry sepgit­le­ri eýe­le­ýär­ler.

«Türk­me­nis­tan — Bi­ta­raply­gyň me­ka­ny» ýy­ly­nyň geçen aý­la­ryn­da kär­ha­na­da bu önü­miň 44,5 ton­na­sy ön­dü­rildi. Mä­lim bol­şy ýa­ly, kü­kürt kis­lo­ta­sy mi­ne­ral dö­kün­le­riň we kär­ha­na­da ön­dü­ril­ýän beý­le­ki hi­mi­ýa önüm­le­ri­ni ön­dür­mek­de giň­den peý­da­lanyl­ýar. Kär­ha­na­da ön­dü­ril­ýän mö­hüm se­na­gat äh­mi­ýet­li kü­kürt kis­lo­ta­sy ýur­du­my­zyň çä­gin­de he­re­ket ed­ýän se­nagat kär­ha­na­la­ryn­da giň­den ula­nyl­ýar.

Kär­ha­na­da iş­gär­le­riň iş şert­le­ri­niň go­wu­lan­dy­ryl­magy, göw­ne­jaý dynç al­mak­lary üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­len­dir. Mu­nuň özi iş­gär­le­ri ön­dü­ri­ji­likli zäh­met çek­mä­ge ruh­lan­dyr­ýar. Öza­ra bäs­le­şik­le­riň jem­le­ri jem­le­nip, ýe­ňi­ji­le­re höwes­len­di­ri­ji sow­gat­lar gow­şu­ryl­ýar.

Iş­gär­le­riň iş­den boş wagt­la­ryn­da me­de­ni­ýet­li dynç al­mak, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry üçin hem äh­li şert­ler göz öňünde tu­tu­lan­dyr. Olar za­wo­da de­giş­li bo­lan, gür bag­ly­ga bü­re­nip du­ran ýer­de ýer­leşýän «Jen­net» sa­gal­dyş we dynç alyş ýe­rin­de ýe­ňil­lik­li ýol­lan­ma­lar bi­len öz­le­ri­niň sag­ly­gy­ny di­kel­dip, göw­ne­jaý dynç al­ýar­lar. Şeý­le-de iş­gärler kär­ha­na­da­ky döw­re­bap ýy­la­dyş­ha­na­da ýe­tiş­di­ril­ýän ter gök önüm­ler bi­len ýy­lyň do­wa­myn­da el­ýe­ter­li nyrhlar­dan üp­jün edi­lip du­rul­ýar. Za­wo­dyň hü­när­men­le­ri­dir iş­gär­le­ri bu ýer­de he­re­ket ed­ýän 4 sa­ny na­har­ha­na­nyň hyz­ma­tyn­dan peý­da­lan­ýar­lar.

Bu­la­ryň äh­li­si mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň adam hak­da ala­da­ny döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ry­na çy­kar­ma­gy­nyň ne­tije­sin­de, şu­nuň ýa­ly üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­ler­dir. Kär­ha­na­nyň iş­gär­le­ri hi­mi­ýa pu­da­gy­ny düýp­li ös­dür­mäge uly üns ber­ýän­di­gi üçin mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň ady­na al­kyş aýdyp, öň­de du­ran şanly sene he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gymy­zyň 25 ýyl­lyk toýu­na myna­syp sow­gat­ly bar­mak üçin äh­li yh­las­la­ry­ny sarp edip, dö­re­di­ji­lik­li iş­le­ýär­ler.

 

Täçmyrat ÖWEZOW, Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.