Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TOÝLARA BESLENÝÄN DIÝAR

Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Ýyldan-ýyla täze ösüşlere, täze sepgitlere ýetýän Diýarymyzda toýlar goşa-goşadan gelýär. Toý-baýramlara, şanly senelere zähmet sowgatlary bilen barmak bolsa halkymyzda asylly däbe öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hemişelik Bitaraplygymyzyň ýubileý toýunyň uly dabaralara beslenip bellenilýän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda halkymyz mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyna-da täze zähmet üstünlikleri bilen barýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, günsaýyn özgerýän ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň güýçli depginler bilen ösýän pudaklarynyň biri-de, gurluşyk we senagat önümçiligi ulgamydyr. Häzirki wagtda, ähli ugurlarda bolşy ýaly, bu ulgamyň işgärleri hem Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmak, baş baýramymyza mynasyp zähmet üstünlikleri bilen barmak ugrunda yhlasly iş alyp barýarlar. Maksatnamalaýyn esasda ýerine ýetirilýän işlerde gazanylýan guwandyryjy netijeler bolsa döwletimiziň hem jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanylýan adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna ýardam edýär.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda gurluşyk işleriniň ylmyň häzirki zaman gazananlary bilen milli binagärlik däpleriniň utgaşdyrylmagy esasynda alnyp barylmalydygyna örän uly ähmiýet berýär. Munuň özi milli binagärlik mirasymyza, ata-babalarymyzdan bäri dowam edip gelýän gurmak, döretmek ýaly asylly ýol-ýörelgelerimize bolan belent sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Gurulýan binalarda türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna hem kämilleşmegine uly goşant bolan milli gymmatlyklarynyň, gaýtalanmajak sungatynyň, türkmen tebigatynyň täsin ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary bilen gülleýän ýurdumyzyň döwrebap ösüşleriniň öz beýanyny tapmagy bolsa halkymyzda, şol sanda ösüp gelýän ýaş nesillerde mirasa sarpa goýmagy, Watana bolan söýgini terbiýelemekde örän uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirýän iş maslahatlarynda şanly seneler mynasybetli açylmagy meýilleşdirilýän desgalarda gurluşyk işleriniň barşy bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylara bu ugurda öň­de durýan wezipeler boýunça birnäçe möhüm tabşyryklary berýär. Milli Liderimiziň tabşyryklarynyň öz wagtynda hem talabalaýyk ýerine ýetirilmegi ugrunda ulgamyň işgärleri ähli gujur-gaýratyny, ukypbaşarnygyny gaýgyrman zähmet çekýärler.

«Gurýan döwlet gurpludyr» diýen ajaýyp pähim bar. Berkarar döwletimizde gurmak, döretmek, bina galdyrmak boýunça dünýä nusgalyk işleriň amala aşyrylýandygy ählimizi buýsandyrýar. Pederlerimiziň şeýle beýik ýol-ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Täze günlerde, täze binalarda toýlar-toýlara ulaşyp dursun!

 

Nartäç KAÝYPOWA, Türkmenistanyň gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.