Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GURMAK, DÖRETMEK ÝOLY BILEN

Gahryman Arkadagymyz «Ýurdumyzyň durmuşyndaky häzirki döwri ägirt uly gurluşyklaryň amala aşyrylýan döwri diýip atlandyrmak bolar» diýmek bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurluşyk pudagynyň ösdürilmegine uly üns berýär, ýurdumyzda gözelligiň gözbaşy hasaplanýan gurmak, döretmek ýoluny sungat derejesine ýetirýär. Bu günki gün ak mermer bilen örtülýän köp sanly binalaryň, täze eýýamyň gözelligine bäs gelýän döwrebap şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň owadan durky ynsan zähmetiniň dörediji joşguny bolup, olaryň sanynyň barha artmagy ýurdumyzyň gözelligine gözellik goşýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, welaýatymyzyň ähli künjeklerinde önümçilik-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi gurulýar. Hormatly Prezidentimiz S.A.Nyýazow adyndaky etrapda hem täze ýaşaýyş jaý toplumyny gurmak barada Karara gol çekip, ildeşlerimiziň şatlygyny goşalandyrdy. Gurluşygyny 2019 — 2024-nji ýyllarda tapgyrlaýyn alyp barmak, ýagny onuň birinji tapgyrynda — 2019 — 2022-nji ýyllarda 41 sany ýaşaýyş jaýyny hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň, ikinji tapgyrynda — 2021 — 2024-nji ýyllarda 29 sany ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny tamamlamak meýilleşdirilýän döwrebap ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň gurlup başlanmagy uly waka öwrüldi. Umumy tutýan meýdany 71 gektara barabar bolan bu toplumda 1496 maşgala niýetlenen 70 sany ýaşaýyş jaýy 30 ýyllyk karzyň hasabyna gurlar. Täze toplumda 600 orunlyk döwrebap orta mekdebiň, 240 orunlyk çagalar bagynyň, saglyk merkeziniň, hyzmatlar öýüniň gurluşyklarynyň hem-de ýokary derejedäki abadanlaşdyryş işleriniň göz öňünde tutulmagy hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň tassyklanmasydyr.

Şeýle hem Daşoguz şäherinde dört gatly binalar toplumynyň, umumy meýdany 8,5 gektara barabar bolan 450 orunlyk köpugurly hassahananyň, umumy tutýan meýdany 5,9 gektara deň bolan 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň gurluşyklary hem güýçli depginde alnyp barylýar. Ylmyň, tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyryljak döwrebap hassahanalaryň birbada ikisiniň gurluşygyna badalga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň ynsan saglygyny gorap saklamak babatda alyp barýan bimöçber işleriniň netijesidir.

Welaýat häkimliginiň gurluşyk önümleri kärhanasynyň gurluşykçylary hem şol gurluşyklaryň amala aşmagyna ýokary hilli gurluşyk önümlerini öndürmek bilen mynasyp goşant goşýarlar. Kärhanamyz iri panelli jaý gurluşygynda ulanylýan demir-beton önümleriniň dürli görnüşlerini, kerpiç, keramzit önümlerini öndürýär. Ol diňe bir gurluşyk önümlerini öndürmek bilen çäklenmän, gurluşyk işlerini hem alyp barýar. Kärhanamyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasy hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesinden ugur alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jebisligi pugtalandyrmak, sagdyn durmuşy wagyz etmek, zähmetkeşler köpçüligi üçin howpsuz we amatly iş şertlerini döretmek, tehniki howpsuzlyk serişdelerini ornaşdyrmak işlerini ýola goýýar.

 

Tirkeş TAGANOW, welaýat häkimliginiň gurluşyk önümleri kärhanasynyň gurluşykçysy, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.