Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HALK MASLAHATY — DÖWLETLI IŞLERE BINÝAT

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň täze taryhy döwrüniň her bir güni ajaýyp wakalara, şatlykly pursatlara beslenýär. Bagtyýar türkmen halky taryhy wakanyň öňüsyrasynda dur, ýene-de sanlyja günlerden ýurdumyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi geçiriler. Ata Watanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka boljak bu taryhy Maslahata ýokary taýýarlykly barylýar. Onda ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek, ykdysady kuwwatyny artdyrmak, şan-şöhratyny has-da arşa götermek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça döwletli maslahat ediler. Halk Maslahatynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygy has-da uly gyzyklanma eýedir. Munuň özi Maslahatyň ähmiýetini artdyrýar.

Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň güýzünde ak mermerli paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzda konstitusion özgertmelere özboluşly badalga boldy. Şol Maslahatda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak maksady bilen degişli resminama kabul edildi. Geçen döwrüň içinde Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek maksady bilen döredilen Konstitusion toparyň birnäçe mejlisleri geçirildi, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy kabul edildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň 19-njy awgustda geçirilen mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak we Türkmenistanyň Halk Maslahatyna hödürlemek hakynda” Karar kabul edildi. Şol Karara laýyklykda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy boýunça işler umumylykda tamamlanan diýlip hasap edildi, kanunyň taslamasy ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda we şäherlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşjak wekiller bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň Esasy Kanunyny — Konstitusiýany kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy maksady Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň işini kämilleşdirmekden hem-de kanun çykaryjylyk işini amala aşyrýan edaralaryň iki palataly gurluşyny döretmekden, demokratik institutlaryň işini ýokary derejelere çykarmakdan ybaratdyr. Kanun taslamasynda Milli Parlamenti umumy görnüşde Türkmenistanyň Milli Geňeşi, onuň kanun çykaryjy palatasyny Mejlis, wekilçilikli palatasyny bolsa Halk Maslahaty diýip atlandyrmak teklip edilýär hem-de wekilçilik palatasyna agzalary saýlamagyň aýratynlyklary, ygtyýarlyklarynyň sanawyna girýän kadalar aýdyň görkezilýär.

«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasynyň 78-nji maddasynda: «Halk Maslahatynyň düzümine welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde gizlin ses bermek arkaly her welaýatdan we Aşgabat şäherinden saýlanýan sekiz wekil agza bolup girýär. Olary saýlamagyň tertibi kanun bilen kesgitlenilýär» diýlip, aýratyn bellenilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň şan-şöhratynyň arşa göterilmegi, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagy, ildeşlerimiziň mynasyp durmuşda ýaşamagy ugrunda ajaýyp işleri durmuşa geçirýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.

 

Hanmuhammet AMANGULYÝEW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.