Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ARALYK EKINLER HASYL TOPLAÝAR

Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Gö­rog­ly et­ra­by­nyň eke­ran­çy­la­ry hor­mat­ly Prezidentimiziň dürli görnüşli ekinlerden hasyl öndürilişini artdyrmak ba­ra­da öň­de goý­ýan ta­lap­la­ry­na my­na­syp zäh­met ne­ti­je­le­ri bi­len jogap ber­mek üçin yh­las­ly iş­le­ýär­ler. Et­rap bo­ýun­ça güýz­lük bug­daý­dan bo­şan ýer­le­riň 1 müň gek­ta­ra go­laýyn­da mäş, kün­ji, noý­ba, şu­gun­dyr ýa­ly ara­lyk ekin­ler ýe­tiş­di­ril­ýär.

Et­ra­byň «Ak­sa­raý» daý­han birleşiginde ýüzlerçe gektar meýdana güýz­lük bug­daý­dan bo­şan ýer­le­re ara­lyk ekin­ler ekil­di. Güýz paslynyň gelmegi bilen, bu ekinler ha­sy­la du­rup baş­la­dy. Mä­şiň, noýba­nyň, kün­ji­niň ýe­ti­şen kö­sük­le­ri gün­sa­ýyn kö­pel­ýär. — Daý­han bir­le­şi­gi­miz­de beý­leki ekinler bilen bir hatarda, aralyk ekinleriň idegi hem gündelik üns mer­ke­zin­de sak­lan­ýar. Kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň il­kin­ji gu­ra­ma­sy daýhan birleşigiň ähli ugurlarynda işleriň ilerlemegi üçin dürli guramaçylyk çärelerini alyp barýar. Daý­han bir­le­şi­gi­miz bo­ýun­ça güýz­lük bug­daý­dan bo­şan ýer­le­riň yzyna aralyk ekinlerden 60 gektar ýe­re mäş, 3,5 gek­ta­ra noý­ba, 2 gekta­ra şu­gun­dyr, 1 gek­tar ýe­re kün­ji we kä­şir ekil­di. Hä­zir ekin­le­riň äh­li­si hem ha­syl top­la­ýar — diýip, daýhan birleşiginiň kärdeşler ar­ka­la­şy­gy­nyň il­kin­ji gu­ra­ma­sy­nyň baş­ly­gy Ata­baý Al­ty­ba­ýew gür­rüň ber­ýär.

Daýhan birleşikde gymmatly azyk­lyk ekin­le­riň bi­ri bo­lan mä­şiň be­re­ket­li ha­sy­ly ýe­ti­şip gel­ýär. 16 gek­ta­ra mäş eken Il­my­rat Baý­ramdurdyýewiň, 5 gektara mäş eken Toý­ly­baý Baý­ram­dur­dy­ýe­wiň, 5 gektara mäş eken Gurbantäç Berdiýewanyň, 2,7 gektara mäş eken Döwletmyrat Sa­pa­ro­wyň, 1 gek­ta­ra mäş eken Ah­met Gar­ry­ýe­wiň kä­rende ýer­le­rin­dä­ki ekiniň ýagdaýy bol ha­syl alyn­jak­dy­gy­na ynam dö­red­ýär.

Ara­lyk ekin­le­ri eken kä­ren­deçiler ideg işlerini hasyl ýygymyna taýýarlyk işleri bilen utgaşykly alyp bar­ýar­lar.

 

Şöhrat ABDYÝEW, öz habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.