Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

AŞGABADYŇ AK ÝOLLARY NURANA

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli özgertmeleriň üstünlige beslenýändiginiň nusgalyk mysaly ak mermerli paýtagtymyzyň keşbinde we durmuşynda jemlenýär. Aşgabat bu gün täze gurluşyklarynyň gerimi hem-de ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ak şäherimiz Aşgabat tanalmaz derejede özgerdi. Paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde dürli maksatly desgalary öz içine alýan döwrebap binalar toplumlary peýda boldy. Ýurdumyzyň baş şäherinde döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen gurlan desgalaryň köpüsi özboluşlylygy we täsinligi bilen tapawutlanýar. Şol binalaryň ençemesi, şeýle-de, Aşgabadyň özi hem ak mermerli binalaryň bir ýere köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Paýtagtymyzda beýleki ulgamlar bilen birlikde, ýol-ulag düzümini ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Aşgabat şäherinde halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap ýol-ulag düzümi kemala getirildi. Paýtagtymyzda ähli inženerçilik-kommunikasiýa ulgamlary bilen üpjün edilen häzirki zaman şaýollary, ajaýyp ýollar, olaryň ugrunda döwrebap köprüler we ýerasty geçelgeler guruldy. Aşgabadyň Türkmenbaşy, Bitaraplyk, Arçabil, Köpetdag, Çandybil şaýollary we beýleki birnäçe köçeleri halkymyzyň buýsanjyna öwrülip, diňe bir aşgabatlylary däl, eýsem, paýtagtymyzyň köpsanly myhmanlaryny hem özleriniň oňaýlylygy hem-de bezegi babatda tapawutlanýandygy bilen haýran galdyrýar.

Ýurdumyzyň baş şäherinde döredilen häzirki zaman ýol-ulag düzümi, gurlan täze ýollar awtoulaglaryň we beýleki tehniki serişdeleriň bökdençsiz hem-de sazlaşykly hereketini üpjün edýär. Ýollary we beýleki ugurdaş inženerçilik desgalary gurmak bilen baglanyşykly taslamalar durmuşa geçirilende, ulag serişdeleriniň we pyýada ýolagçylaryň hereket howpsuzlygyny üpjün etmeklige aýratyn üns berilýär.

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek ilki bilen özümize baglydyr. Mälim bolşy ýaly, Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär. Şol biraýlygyň çäklerinde paýtagtymyzda dürli çäreler guralýar. Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň Arassalaýyş, abadanlaşdyryş birleşiginiň işgärleriniň arasynda Polisiýanyň Ýol gözegçiligi gullugynyň jogapkär işgärleriniň gatnaşmagynda ýol hereketiniň düzgünleri boýunça gürrüňdeşlik geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ýol hadysalarynyň öňüni almak üçin ýol hereketiniň kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegi barada gürrüň edildi. Hususan-da, ulag dolandyrylýan mahaly sürüjiniň ünsüni sowýan hereketleriň, ýagny, öýjükli el telefony arkaly gürleşmegiň, radio enjamlaryny güýçli ses bilen diňlemegiň, düzgünleri bozup, ýokary tizlikde beýleki awtoulaglary ozup geçmek bilen baglanyşykly hereketleri etmegiň gadagandygy barada aýdyldy. Şeýle hem, hereket howpsuzlygyny üpjün etmekde sürüjileriň we pyýada ýolagçylaryň borçlary barada täsirli gürrüňler edildi.

Häzirki wagtda ähli ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň döredilendigini hem-de olaryň täzelerini gurmak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny bellemelidiris. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda ýerasty awtomobil geçelgesi hem-de pyýada geçelgeleri, şeýle hem çatrygyň merkezinde özboluşly desga bilen birlikde, iki gatly ýolaýrydy gurulýar. Şunuň ýaly desgalaryň gurulmagy paýtagtymyzda awtoulaglaryň sanynyň artmagyndan hem-de ýolda ulag hereketiniň ýokarlanmagyndan gelip çykýar. Aşgabatda täze gurlan köprüler, ulag ýolaýrytlary esasy ýollara düşýän agramy ep-esli azaltmaga hem-de ýol hereketini kadalaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Ýurdumyzyň baş şäherinde gurulýan, ýol-ulag düzümine degişli täze desga hem paýtagtymyzyň görküne görk goşup, ýol hereketiniň sazlaşykly bolmagyny üpjün eder.

                                                                                                              

Gülnar GURBANOWA, Aşgabat şäher Arassala­ýyş, abadanlaşdyryş birleşiginiň Kärdeşler arkalaşygynyň hünärmeni.

 

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.