Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“KONSTITUSION ÖZGERTMELER-ÖSÜŞLERE BADALGA” ATLY TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDAKY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi Geňeşiniň hem-de Aşgabat Teleýaýlymynyň bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanan “Konstitusion özgertmeler-ösüşlere badalga” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri Göwher Gelenowa alyp baryp, onda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Halk maslahatynyň başlygy Gözel Orazowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Guramaçylyk we medeni köpçülik işleri bölüminiň baş hünärmeni Durdynäzik Nepesowa çykyş etdiler.

 

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni Baýramowa Ogulnar.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.