Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk dowam edýär. Onuň çäginde pudaklaýyn edara-kärhanalarda polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň. jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet köpçüligi bilen duşuşyklar hem ýygnaklar geçirilýär. Geçen anna güni hem ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça geçirilýän işleriň meýilnamasyna laýyklykda «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri tarapyndan wagyz-nesihat we öwüt-ündew häsiýetli duşuşyk geçirildi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda bolan duşuşyga nebitgaz toplumynyň merkezi edarasynyň we pudaklaýyn önümçilik düzümleriniň işgärleri gatnaşdy.

Ýygnakda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy Sapar Ataberdiýew, Aşgabat şäher polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň 2-nji bölümçesiniň müdiri Toýly Abdyllaýew, Aşgabat şäher polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň jogapkär wekili Mekan Orusow. Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň barlaghana müdiri Myrat Baýramgylyjow, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň tehniki gözegçisi Geldimyrat Seýtiýew, «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Aşgabatgaz» müdirliginiň raýat goranyş we harby mobilizasiýa boýunça esasy hünärmeni Nurtäç Işangulyýewa. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň iş dolandyryjysy Muhammetberdi Goşjanow dagy çykyş etdi.

Olar öz çykyşynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, raýatlarymyzyň abadan we rahat durmuşynyň üpjün edilişi, sürüjileriň we pyýadalaryň kanuny hukuklary we borçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna düýpli gurluşykda, şol sanda ýol gurluşygynda amala aşyrylýan iri taslamalar, ýollarymyzyň döwrebaplaşdyrylyşy we ýol howpsuzlygynyň enjamlary bilen talabalaýyk enjamlaşdyrylyşy barada giňişleýin gürrüň etdiler. Ýygnagyň dowamynda ýol-ulag hadysalary bilen bagly wideofilm görkezildi we ýol-ulag howpsuzlygynyň wekilleri bilen sorag-jogap alşyldy.

 

Nebit-gaz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.