Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝEŇIJILER YGLAN EDILDI

AHAL. Ýurdumyzyň kitaphanalarynyň arasynda yglan edilen «Arkadagyň paýhasyndan hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklaryň dabaralanmagy» atly hünär bäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň jemi jemlendi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryna welaýat kitaphanasy, etrap-şäher merkezi kitaphanalary gatnaşdylar.

Bäsleşige gatnaşan kitaphanalar tarapyndan şanly ýylymyzyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň, kitaphanalaryň resminamalarynyň talabalaýyklygy, resminamalaryň saklanyşynyň, kitaphanalarda gurnalan sergileriň, katalog-kartotekalaryň at ýazgylarynyň, görkezijileriniň, kitaphananyň ähli bölümleriniň bezelişiniň wideoýazgysy hem-de fotosurat hödürlendi. Onda döwlet Baştutanymyzyň galamyna degişli kitaplar hakynda gürrüň berilýär. Netijede, welaýat kitaphanasy hem-de Tejen etrap merkezi kitaphanasy ýe­ňiji bolup, döwlet derejesindäki jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.

 

(Öz habarçylarymyz).

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.