Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERI YGLAN EDILDI

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň daý­han­la­ra ed­ýän gol­daw-he­ma­ýa­ty ne­ti­je­sin­de ýurdu­my­zyň go­wa­ça meý­dan­la­ryn­da ýe­tişdi­ri­len bol ha­sy­ly soň­ky ha­na­sy­na çen­li ýyg­nap al­mak, eziz Wa­ta­ny­my­zyň he­mişe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 25 ýyl­ly­gy­nyň ulu­dan toý­la­nyl­jak ýy­ly­ny zäh­met üs­tün­likle­ri­ne bes­le­mek mak­sa­dy bi­len, Ka­ka etrap hä­kim­li­gi­, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň et­rap bir­leş­me­si ­hem-de et­ra­byň beý­le­ki jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry pag­ta ýy­gy­my­na gat­na­şy­jy­la­ry hö­wes­lendir­mek iş­le­ri­ne aý­ra­tyn üns ber­ýär­ler. Galla ora­gy we pag­ta ýy­gy­my möw­süm­le­rin­de öň­de­ba­ry­jy kä­ren­de­çi­le­ri, kom­baýn­çy­la­ry, sü­rü­ji­le­ri hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len on­gün­lük bäs­le­şik­le­ri yg­lan edip, ýe­ňi­ji­le­ri sy­lag­lap dur­ýar­lar.

Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Ka­ka et­rap bir­leş­me­si pag­ta ýyg­ýan kä­ren­de­çi daýhan­la­ry hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len et­ra­byň kom­baýn­çy­la­ry­nyň, ýyg­lan pagta ha­sy­ly­ny har­ma­na da­şa­mak­da iş­le­ýän sü­rü­ji­le­riň we ýy­gym­çy­la­ryň ara­syn­da­ky zäh­met bäs­le­şik­le­ri­niň bi­rin­ji on­gün­lü­giniň je­mi­ni jem­le­di. Zäh­met bäs­le­şi­gi­niň bi­rin­ji on­gün­lü­gin­de et­ra­byň Şü­kür bag­şy adyn­da­ky daý­han bir­le­şi­gi­niň ýy­gym­çy­sy Ata­ýe­wa Mäh­ri her gün­de 90-105 ki­logram pag­ta ýy­gyp, har­ma­na 1050 ki­log­ram tab­şyr­dy. Şol daý­han bir­le­şi­gi­niň ýy­gym­çy kä­ren­de­çi­si Ýag­my­row Re­sul her gün­de go­wa­ça ha­sy­ly­nyň 100-110 ki­log­ramyny ýyg­nap har­ma­na 1110 ki­log­ram pag­ta tabşy­ryp bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri bol­du­lar.

Bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ne Kär­deş­ler ar­ka­laşyk­la­ry­nyň Ka­ka et­rap bir­leş­me­si­niň ýa­dygär­lik sow­gat­la­ry gow­şu­ryl­dy.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döwrün­de joş­gun­ly, ha­lal zäh­me­te go­ýul­ýan sar­pa­nyň ulu­dy­gy­na göz ýe­ti­rip, bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­nynyň sag, öm­rü­niň uzak bol­ma­gy­ny ar­zuw edýärler, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za öz­le­riniň ho­şal­lyk­la­ry­ny bil­dir­ýär­ler.

 

Bahar ÄRNEPESOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň baş hasapçysy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.