Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BAGTA UZAÝAN AK ÝOLLAR

Ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän bag­ty­ýar za­ma­na­myzda hor­mat­ly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýurdu­my­zyň ulag ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn binýa­dy bar­ha pug­ta­lan­dy­ryl­ýar, ata Wa­ta­ny­myz­dan dün­ýä uza­ýan ýol­la­ryň ýal­ky­my ja­ha­na nur saç­ýar. Adam­zat dur­mu­şyn­da mö­hüm orun eýe­le­ýän ýol­lar alys­la­ry ýa­kyn­laş­dyr­ýar, halk­la­ry bi­rek-bi­rek bilen dostlaşdyrýar we mä­hir­li gat­na­şyk­la­ra giň ýol aç­ýar. Alys­la­ra uza­ýan ak ýol­lar hem bi­zi ha­ýyr­ly iş­le­re, be­lent mak­sat­la­ra, bag­ty­ýar gel­je­ge sa­ry alyp bar­ýar. Dün­ýä halk­la­ry bi­len do­wam edip gelýän dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry­my­zy has-da ber­kid­ýär.

surat

Amatly geostrategiýa mümkinçiliklerine eýe bolan Türkmenistan halkara derejesinde ulag we üstaşyr gatnawlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň sebit we dünýä ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek baradaky işjeň syýasaty Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldip, bütin yklymyň ykdysadyýetiniň galkynmagy babatynda möhüm başlangyçlary özünde jemleýär. Dünýä bazarlaryna çykmak üçin oňaýly üstaşyr geçelgeleri üpjün etmek meselesi diňe bir ýurdumyzyň geljekki ösüşleri üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin ähmiýetlidir. Milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe sürýän ulag we logistika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky başlangyçlary bütin adamzat üçin derwaýysdyr.

Bagtyýar zamanamyzda ýurdumyzyň sebitlerini bir-birine baglaýan we eziz Watanymyzy dünýä ýurtlary bilen birleşdirýän täze awtoulag we demir ýollarynyň gurluşygy giň gerim aldy. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Bu ýoluň esaslandyryjylary bolup ýurdumyzda hereket edýän «Altyn nesil», «Oguz ýol», «Hyzmat merkezi» hojalyk jemgyýetleri hem-de «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy çykyş edýär. Döwrebap tehnikalaryň, ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň, öňdebaryjy dünýä tejribesiniň gazananlarynyň işjeň peýdalanylmagy bilen durmuşa geçirilýän iri göwrümli taslama Aşgabat — Daşoguz ýolunyň 24-nji kilometrinden başlap, Türkmenabatdaky Halkara howa menziliniň ýanynda tamamlanar. Elbetde, bu ýoluň çekilmegi, logistiki hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümini giňeltmäge, goňşy döwletler bilen söwda dolanyşygyny, eksport we üstaşyr harytlaryň daşalyşynyň möçberlerini artdyrmaga giň mümkinçilik berer.

Umumy uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy 2019 — 2023-nji ýyllary öz içine alyp, ony 3 tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Onuň ugrunda ýol geçirijileri we köprüleriň ençemesi, şeýle hem oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de janly-jandarlaryň geçmegi üçin ýörite geçelgeler gurlar. Şeýle hem awtobanyň ugrunda töleg terminallarynyň binalary, tehniki hyzmat nokatlary, ýangyç guýujy beketler, dynç alyş zolaklary we durmuş maksatly beýleki binalar bilen üpjün edilen ulag serişdelerine hyzmat ediş toplumlary dörediler. Bu bolsa geljekde bu ýoldan gatnajak ýolagçylar üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini alamatlandyrýar. Elbetde, bu iri göwrümli taslama milli ykdysadyýetimiziň gülläp ösmeginde hem-de goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň has-da ýygjamlaşmagynda uly ähmiýete eýe bolar.

Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynda möhüm orny eýeleýän beýleki bir iri göwrümli taslama, ýagny paýtagtymyzdan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna çenli uzap gidýän Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýoly bilen birleşdirilmegi ýurdumyzda logistika hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümini giňeltmäge, goňşy ýurtlar bilen söwda dolanyşygyny artdyrmaga, daşary ýurtlara iberilýän ýükleriň hem-de üstaşyr geçirilýän harytlaryň möçberini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şeýle hem bu ýollar Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluna-da birigip, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça yklymyň çar tarapyna çykmaga mümkinçilik berýän özboluşly çatrygy emele getirer.

Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek başlangyjy döwlet Baştutanymyzyň milli ulag strategiýasynyň esasyny düzýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman şertlerinde bu yklymara ýol Türkmenistanyň we sebitiň beýleki döwletleriniň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga hemde şol ýurtlaryň dünýä ulag ulgamyna işjeň goşulyşmagyna ýardam etmelidir.

Köp asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň çäginden geçen kerwen ýollarynyň dikeldilmegi diňe bir döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýär. Bu bolsa milli Liderimiziň umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. Sebitleri we medeniýetleri bir-birine baglaýan, dosty dogana öwürýän nurana ýollar alys menzilleri ýakynlaşdyryp, halklary, kalplary birleşdirýär.

Bu gün eziz Diýarymyzdan dost-doganlyk menzillerine uzaýan ýollar döwletimiziň berkararlygynyň, ilimiziň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň gözbaşyna öwrülýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlarynyň, taýsyz tagallalarynyň saýasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz ösüşleriň ak ýolundan rowaç gadamlar bilen ynamly öňe barýar.

 

Perhatmuhammet ÖWEZOW, Türkmenistanyň Awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.