Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HOWPSUZLYK KADALARY BERJAÝ EDILÝÄR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda her ýylda bolşy ýaly, Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylymyzda hem ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy geçirilýär. Ählihalk çäresine gatnaşýanlaryň sany günsaýyn artýar. Golaýda, şu biraýlyk mynasybetli Mary Nebitgaz orta hünär okuw mekdebi, TKA-nyň welaýat birleşmesi, welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümi hem-de welaýat saglygy goraýyş müdirligi bilen bilelikde çäre geçirdiler. Çärä orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary, ady agzalan bölümiň gözegçileri hem-de welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň lukmanlary gatnaşdylar.

Çärede orta hünär okuw mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Allaberdi Durdyýew, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Toýly Garýagdyýew, PÝGB-niň wagyz-nesihat bölümçesiniň gözegçisi, polisiýanyň uly leýtenanty Toýly Babaýew, welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň uly gözegçisi, içerki gullugyň kapitany Röwşen Orazgeldiýew, welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň bölüminiň müdiri Tawus Hojanyýazowa çykyş etdiler. Olar eden çykyşlarynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny doly we dogry berjaý etmek barada durup geçdiler, şeýle-de her ýyl geçirilýän biraýlygyň maşgalalarymyzyň abadan bolmagynyň, ömrümiziň rahatlygynyň kepilidigini gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda häzirki wagtda dowam edýän ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak, onuň ýaýramagyna garşy alnyp barylýan çäreler dogrusynda hem giňişleýin durlup geçildi.

 

Şemşat SAÝLYÝEWA. “Maru — şahu jahan”.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.