Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

EKOLOGIÝA HOWPSUZLYGY

Golaýda, Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň jansyz muzeýinde “Aşgabat” teleýaýlymy tarapyndan “Ekologiýa we daşky gurşawy goramak - sagdyn durmuşyň gözbaşydyr” ady bilen interwýu görnüşindäki söhbetli çykyşlar guraldy. Çykyşlarda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işler hem-de sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde sebit ähmiýetli iri taslamalar barada giňişleýin bellenip geçildi.

Häzirki wagtda ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselesi dünýäde möhüm wezipeleriň biri bolmak bilen bu ugurda biziň ýurdumyzda hem Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Muňa mysal edip “Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa” hem-de “Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasy” işlenip taýýarlanylyp ýörite meýilnama laýyklykda ýaşaýyş üçin zerur bolan tämiz arassa howany üpjün etmek hem-de türkmen tebigatyny hasda gözelleşdirmek maksady bilen her ýylyň ýaz we güýz möwsüminde bütin ýurdumyz boýunça millionlarça miweli, saýaly, pürli görnüşli agaç nahallary ekilip ozalky ekilenlere ideg edilýär. Mundan başgada “Tebigaty goramak hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda” we “Haýwanat dünýäsi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürliligini gorap saklamakda ýurdumyzda hereket edýän döwlet tebigy goraghanalarynda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

 Gadymy türkmen topragy medeni ösümlikleriň we haýwanlaryň ýabany görnüşlerine örän baýdyr. Türkmenistanyň territoriýasynda ösümlikleriň 7 müňden gowrak görnüşi, oňurgaly we oňurgasyz haýwanlaryň bolsa 13 müňden gowrak görnüşi duş gelýär. Biziň ýurdumyzda ösümlikleriň we haýwanlaryň endemik ýagny diňe biziň ýurdumyzda duş gelýän görnüşleri hem köpdür olary gorap saklamak we köpeltmek boýunça ylmy işler alynyp barylýar hem-de olar Türkmenistanyň gyzyl kitabyna ýerleşdirlip ýörite gorag astynda saklanýar.

Hormatly Prezidentimiz “Tebigaty söýmek, ene topragy söýmek – bu eziz Diýaryňy, mähriban Watanyňy söýmekdir! Watana bolan söýgi biziň ähli üstünliklerimiziň we ýeňişlerimiziň gözbaşydyr!” diýen ajaýyp sözleri türkmen halkynyň Ata – Watana we Ene – topraga bolan söýgisini hasda beýgeldýär. 

 

Berdimyrat Rozyýew, Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.