Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ZÄHMETI GORAMAK — ÖNÜMÇILIGIŇ HOWPSUZLYGYNYŇ GÜWÄSI

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy ösdürmek babatdaky döwlet ähmiýetli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi tarapyndan etrap-şäherlerdäki ilkinji guramalaryň arasynda işgärleriň zähmet howpsuzlygyny we işiň ýerine ýetirilişiniň estetikasyny berjaý etmek boýunça gözden geçirilişiň welaýat tapgyrynyň jemi jemlenip, Türkmenistanyň milli baýramynyň — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda ýeňijiler kesgitlendi. Welaýatyň edara-kärhanalarynyň arasynda birinji topar boýunça «Türkmennebit» döwlet konserniniň abatlaýyş-mehaniki zawody birinji orna, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Awaza döwlet elektrik stansiýasy ikinji orna, «Guwlyduz» kombinaty üçünji orna eýe boldy. Ikinji topar boýunça Bereket tikin fabrigi birinji, «Balkansuwhojalyk» önümçilik birleşigi ikinji, Magtymguly etrabyndaky Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky tikin we aýakgap fabrikler toplumy üçünji orna mynasyp boldy. Üçünji topar boýunça Serdar şäherindäki 6-njy orta mekdep birinji, Hazar şäherindäki 9-njy çagalar bagy ikinji, Balkanabat şäherindäki 40-njy çagalar bagy üçünji orny eýelemegiň hötdesinden geldi.

Gözden geçirilişe işjeň gatnaşan edara-kärhanalaryň ençemesine höweslendiriş sowgatlary berlip, olara geljekde hem işlerinde üstünlik gazanmaklary arzuw edildi.

Ýeňiji bolan edara-kärhanalar sowgatlar we Hormat hatlary bilen sylaglandy.

 

Täjigül Gur­ba­no­wa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.