Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

PÄHIM-PAÝHASA ÝUGRULAN DURMUŞ KITABY

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzyň şanly wakalarynyň ýene biri — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň paýhas ummanyndan syzylan täze «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň çapdan çykmagy halkymyzyň ruhy dünýäsini has-da baýlaşdyrdy we toý sowgady hökmünde kalplary joşa getirdi. Adamzadyň durmuş tejribesine kämil garaýyş baradaky söhbediň beýanyny özünde jemleýän bu täze eseriň tanyşdyrylyş dabaralary welaýatymyzda hem giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň mejlisler eýwanynda geçirilen dabarada hem hormatly Prezidentimiziň türkmeniň döwletlilik ýörelgeleriniň beýany bolan täze eseriniň gymmaty dogrusynda täsirli söhbetler edildi.

Çykyş edenler Arkadag Prezidentimiziň täze eseriniň on iki bölümden ybarat bolmagynyň türkmençilikde on iki synaň abatlygy diýen düşünje bilen baglylykda, başyň saglygy, amanlygy, ýaşaýşyň hözirini görmek, geçmiş bilen şu günüň we geljegiň bitewüligi ýaly ajaýyp ýörelgelere laýyk gelýändigi barada nygtadylar. Myhmansöýerlik, saglyk, dost-doganlyk, agzybirlik, ynsaplylyk ýaly halkymyzyň gadymda sungat derejesine ýetiren ajaýyp ýörelgeleriniň täsirli söhbetleriň, gyzykly wakalaryň, durmuşy kyssalaryň üsti bilen açylyp görkezilmeginiň Gahryman Arkadagymyzyň edebi döredijiligiň iň naýbaşy nusgasyna eýerendigini mälim edýändigi barada uly buýsanç bilen bellenilip geçildi.

 

Gülruh HALJANOWA, agrosenagat işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.