Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GYMMATLY HAZYNA BAGYŞLANDY

Golaýda welaýat kitaphanasynda welaýat medeniýet müdirliginiň we TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda, kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabarada TKA-nyň Baýramaly şäher birleşmesiniň başlygy Jennet Agaýewa, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmengala etrap geňeşiniň başlygy Atamyrat Ýagşyýew, Mary şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gülkamar Abdyrahmanowa, welaýat çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy Jemal Aşyrowa we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyş edenler ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän täze eseriniň halkymyza gowuşmagy bilen gutladylar we bu ajaýyp kitabyň many-mazmuny, milli aýratynlygy barada giňişleýin gürrüň etdiler. Olar türkmeniň milli ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary barada söz açýan kitabyň bütin halkymyz üçin gymmatly hazyna boljakdygyny belläp, hormatly Prezidentimize alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw etdiler.

 

Gözel BEGLIÝEWA.Welaýat medeniýet müdirliginiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň medeniýet işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Mary şäher geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.