Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝYGYMÇYLARYŇ BÄSLEŞIGI

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda pagtaçy kärendeçiler hem-de mülkdarlar gowaça meýdanlarynda ýylýüzi joşgunly işläp, “ak altynyň” bereketli hasylyny ýetişdirdiler. Olar ekinzarlykdaky hasyly çalt depginde, öz wagtynda ýygmaga-da agzybirlikli girişdiler. Atyzlardaky rysgal-döwleti gören her bir adam pagta harmanlaryna goşant goşmagy arzuw edýär. Şeýle bolansoň diňe ýer eýeleriniň maşgala agzalary däl, eýsem, päk zähmet çekmegi halaýan adamlar hem gatnaşýarlar. Obalardan ir säher bilen bereketli pellere sary barýan topar-topar ýygymçylar bolsa, bu gün düýnküden köp pagta ýygmagyň arzuwynda.

Ýüwrük elli ýygymçylaryň birnäçe topary Türkmengala etrabynyň “Täze daýhan” daýhan birleşiginde pagta ýygymyna kömek berýärler. Olaryň özara bäsleşip ýygýan “ak altynlaryndan” gözüňi dokundyrýan harmanlar emele gelýär. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinleriniň hasyllarynyň döwlet satyn alnyş nyrhlaryny ýokarlandyrandygyna begenýän ýer eýeleridir kömekçiler möwsümde bolelin girdeji almagyň aladasynda.

Şu oba hojalyk ýylynda daýhan birleşigi boýunça 425 gektar ýerde bereketli pagta hasyly ýetişdirildi. Şonça meýdandan 909 tonna “ak altyny” döwlete tabşyrmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda gündelik ösüş bolsa barha ýokarlanýar. Munuň üstünlikli dowam etmegine Abibulla Kerimowyň 2-nji toparyndaky ýaly pagtaçylar abraýly ilerlemeleriň eýeleri bolýarlar. Toparlaryň hem-de ýygymçylaryň daýhan birleşiginiň kärdeşler arkalaşyklary birleşigi tarapyndan höweslendirilip durulmagy, öňdebaryjylaryň sanyny barha artdyrýar.

Golaýda şu hojalygyň kärdeşler arkalaşyklary birleşmesiniň başlygy Şiraly Ýusupow köpmüňçi ýygymçy Aýbölek Şanowa hem ýygymda öňdeligi eýeleýändigi üçin sowgat gowşurdy. Şular ýaly ýygymçylaryň jemlenen topary kärendeçiler Ýusup Dosmämedow, Nazperi Kundulowa, Soltan Býutjarowa, Jangir Abdyllaýew ýaly ýer eýeleriniň maksatnamalaýyn borçnamalarynyň irgözinden abraýly ýerine ýetirilmegine saldamly goşantlaryny goşdular.

 

Öwezmyrat POLLYÝEW. “Maru — şahu jahan”.

SURATDA: köpmüňçi ýygymçy Aýbölek Şanowa sowgat gowşurylýan pursaty.

Surata düşüren Azym ŞEKEROW.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.