Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ TÄZE KITABY BILEN TANYŞDYRYLDY

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininden çykan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriň atly kitabynyň XII jildi halkymyza, aýratyn hem saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine ajaýyp sowgat boldy.

Ýakynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda milli Liderimiziň bu kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. «Türkmengaz» döwlet konserni, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi tarapyndan geçirilen dabara toplumyň edara kärhanalarynyň işgärleri gatnaşdy.

Tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy Sapar Ataberdiýew, «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýa müdiri Sona Kerimowa, Taslama işleri müdirliginiň 1-nji derejeli inženeri Eneş Hojagulyýewa, «Türkmennebit» DK-nyň Halkara hyzmatdaşlyk we maýa goýum taslamalary bölüminiň baş hünärmeni Gülälek Ýüzbaşyýewa, «Türkmengeologiýa» DK-nyň Merkezi önümçilik barlaghanasynyň 1-nji derejeli inženeri Gunça Nurlyýewa dagy çykyş etdi.

Lukmançylyk mirasy hakynda giňişleýin maglumat berilýändigi, ösümlikleriň 120 görnüşiniň bejerijilik aýratynlyklary, lukmançylyk ylymlarynyň ösdürilmeginde ýurdumyzyň daglarynda we sähralarynda bitýän dermanlyk ot-çöpleri ýerlikli ulanmagyň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, arassaçylyk düzgünlerini dogry berjaý etmek hakynda giňişleýin durup geçdiler.

Dabaranyň dowamynda türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerden, jana şypaly melhemlerden gözbaş alýan bu kitabyň halk lukmançylygyna bagyşlanan ylmy-ensiklopediýadygy, hormatly Prezidentimiziň gymmatly eserlerinde dermanlyk ösümlikleriň gülünden, ýapragyndan, kökünden, tohumyndan alynýan dürli dermanlyk serişdeleriň ulanyş ýollary barada giň düşünje berýändigi aýratyn bellenildi.

 

Selbi HOJAÝEWA, Nebit-gaz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.