Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

IŞJEŇLIGE EÝE BOLDY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri zähmetkeşlere düşündirmek maksady bilen, etrapdaky Ýüplük fabriginde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan guralan maslahata işçi- hünärmenleriň uly topary gatnaşdy.

Maslahatda etrabyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy G.Aýlyýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlygy G.Garlyýew, ýüplük fabriginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Ö.Alyýew dagynyň çykyşy diňlendi. Çykyşlarda ýurdumyzda ildeşlerimiziň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda döredilýän giň şertler we mümkinçilikler dogrusynda aýdylyp, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütleriň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň ýolunda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny bellediler.

Maslahatda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň üstünde aýratyn durlup geçildi. Çykyş edenler bu Kanundan gelip çykýan wezipeleri ilata düşündirmekde jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerine we işjeň agzalaryna uly orun degişlidigini nygtadylar hem-de hormatly Prezidentimiziň raýatlaryň eşretli ýaşaýşy, Watanymyzyň gülläp ösüşi ugrundaky tagallalaryna tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Aýjahan MÜLKIÝEWA, öz habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.