Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

«TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGY DURNUKLY ÖSÜŞIŇ YGTYBARLY BINÝADÝ » ATLY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň edara binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen “Aşgabat" Teleýaýlymynyň bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy durnukly ösüşiň ygtybarly binýadý » atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligi “Aşgabat” Teleýaýlymynyň Gepleşikleri gurnaýjy we alyp  baryjysy  Seýitmyrat Bäşimow alyp baryp, onda  Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň tehniki gözegçisi Döwran Hojamgulyýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä diller kafedrasynyň iňlis dili mugallymy Batyr Kairow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň baş hünärmeni Begenç Berdiýew çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.