Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“ZÄHMETI GORAMAK - SAGDYN WE HOWPSUZ IŞ ŞERTLERINIŇ GIREWIDIR” ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň “Zähmeti goramak - sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir” atly maslahaty geçirildi.

Maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygynyň orunbasary Sapar Ataberdiýew alyp baryp, onda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak bölüminiň döwlet inspektory Gurbandurdy Haýdarow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Agrosenagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Berdimyrat Rozyýew, Türkmenistanyň  Kärdeşler arkalaşyklaryň Milli merkeziniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň baş tehniki gözegçisi Gurbanmyrat Nyýazlyýew, Türkmenistanyň  Kärdeşler arkalaşyklaryň Milli merkeziniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň tehniki gözegçisi Tawus Sahatmyradowa çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.