Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝAŞLAR WE ÝAŞLAR GURAMASY

Aşgabadyň dokma toplumynyň mejlisler otagynda «Türkmenistan sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdudyr» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. ADT-nyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasy, Zenanlar guramasy hem-de Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan guralan çärede ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten derejeleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky bimöçber işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Aýbölek KAZAKOWA, Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.