Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BEÝIK IŞLERIŇ EÝÝAMY

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda sanly konsepsiýany durmuşa ornaşdyrmagyň netijesini türkmen jemgyýetini ösdürmekde ähmiýeti örän ýokary hasaplanylýan başlangyçlara gönükdirilen adam aňynyň doly peýdalanylmagynda görýär.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda berkarar Diýarymyzyň täze taryhyna bu ugurdaky bitirilen beýik işler ýazylýar. Döwrüň häsiýetli aýratynlygy bolan internet giňişliginiň kemala gelmegi hem-de jemgyýetçilik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülmegi ykdysady ösüşiň hil taýdan täze tapgyryna — sanly ykdysadyýete ynamly geçişi şertlendirdi. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň we internetiň ösdürilmeginiň hasabyna elektron hyzmatlarynyň kämil ulgamlaryny döretmek, olaryň görnüşlerini yzygiderli artdyrmak boýunça işleri utgaşdyrmak esasy wezipe bolup durýar. Şunda halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň işini sanly ulgama geçirmäge uly ähmiýet berilýär. Munuň özi, özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryna ýol açýar, innowasion çözgütleriň kabul edilmegine ýardam berýär, ilatyň ähli gatlaklarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanmagy üçin täze mümkinçilikleri döredýär.

«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bu ugurda ädilen möhüm ädim boldy. Düýpli özgerişliklere alyp barýan, iňňän uly ykdysady bähbitleri göz öňünde tutýan konsepsiýanyň kabul edilmegi we üstünlikli amala aşyrylmagy bilen döwletde milli hojalygyň elektron ugurly täze nusgasy kemala gelýär. Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň anyk meýilnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda sanly ulgama geçmek boýunça häzirki döwrüň öňdebaryjy ylmy-tehniki gazananlary önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Saglygy goraýyş, medeni, aň-bilim ugurlaryndan başlap, milli ykdysadyýetiň döwlete dahylly hem dahylsyz önümçilikleri döwrebap elektron ulgama tapgyrlaýyn esasda birikdirilip başlandy. Netijede, sanly önümçilik ugurly täze pudaklar döreýär. Önümçiliklerde öňdebaryjy tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bilen san ölçegli hasaplamalar geçirilýär, ygtybarly maglumatlar toplanylýar. Önümçilik pudaklarynyň ýokary ykdysady netijeliligini üpjün etmegiň çäklerinde bu ugra gönükdirilýän goşmaça maýa goýumlar edara-kärhanalaryň tehniki binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak maksatlaryna harçlanýar. Munuň özi, ýerli önüm öndüriji kärhanalarda sanly ulgama geçmekde, täze önümlere alyjylary çekmekde, tejribe alyşmakda oňyn mümkinçilikleri açýar, sanlylaşdyrmak ugrunyň getirjek bähbidiniň näderejede ýokary boljakdygyny aýdyň görkezýär.

Sanly ykdysadyýet ýörelgesi ylmy öňegidişlige, kämil tehniki enjamlaşdyrma daýanýar hemde özüniň asyl gözbaşynda dünýä bilen deň hereket etmegiň täze nusgasyny hödürleýär, munuň üçin zerur bolan maglumat binýadyny kemala getirýär. Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak boýunça taýsyz tagallalaryndan ugur alýan bu başlangyçlary, maglumatlary binýada toplamak, ilatyň kompýuter sowatlylygyny düýpli artdyrmak, giň gerimli kiberüpjünçiligi kemala getirmek, önümçilikleri we önümçilik däl ugurlary dolulygyna sanlylaşdyrmak, awtomatlaşdyrmak, senagatlaşdyrmak möhüm wezipe bolup durýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen maksatlaryň biri hem hut durmuş hyzmatlarynyň düzümini we hilini kämilleşdirmekden, şeýle hem telekeçilik we zähmet şertleri babatynda täze mümkinçilikleri döretmek arkaly ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Soňky döwürde bolsa sanly ykdysadyýet adalgasy barha giň düşünjelere eýe bolýar. Ol kompýuter tehnologiýalaryna esaslanýan ykdysadyýetdir. Sanly ykdysadyýet ykdysadyýetiň düzüm bölegi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň 2010njy ýylyň 22-nji aprelinde gol çeken «Elektron resminama dolanyşygyny girizmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda, döwlet edaralarynda we guramalarynda REU ulgamynyň işe girizilmegi bilen, maglumatlaryň tiz ýöredilmegi hem beýleki wajyp meselelerde hasabatlylygyň ösen derejesi kemala gelip başlady. Munuň özi, jemgyýetiň öndüriji güýjüni, zähmet öndürijiligini gaýtadan galkyndyrýar. Şeýle ösüşleriň tizligini esaslandyrmagyň esasy tehniki guraly bolup ösen kompýuter enjamlary hem-de internet aragatnaşyk tory, ony herekete getiriji güýç bolan inžener-tehniki hünärmenler çykyş edýär.

Sanly ykdysadyýete geçmegiň esasy serişdesi hökmünde kesgitlenen kompýuter tehnologiýasyny ornaşdyrmakda hem-de döwrebap aragatnaşyk ulgamyny kemala getirmekde döwletimizde uly öňegidişlikler gazanyldy. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň binýadynda Kompýuter tilsimaty merkeziniň, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti bilen reňkli monitorly kompýuterleri, telewizorlary öndürýän bilelikdäki kärhananyň döredilmegi hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň önümçilik binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy bu aýdylanlara aýdyň subutnamadyr. Şeýle-de bolsa, ulgama sazlaşykly birikmek meselesinde her bir kärhananyň içerki mümkinçilikleriniň ýerlikli peýdalanylmagy arkaly inže­ner-tehniki ähmiýetli käbir bökdençlikleri aradan aýyrmak zerur.

Çünki hyzmatdaş edaralar we adamlar bilen sanlylaşdyrylan ulgamlar arkaly, elektron arabaglanyşygyny ýola goýmagyň hem-de sanly hyzmatlaryň ylmy usulyýetiniň teklip edilmegi we ornaşdyrylmagy degişli düzümleriň işini ýeňilleşdirmäge, hyzmatlaryň we dürli görnüşli hasabatlylygyň hilini kämilleşdirmäge, işgärleriň we raýatlaryň wagtyny tygşytlamaga, harajatlaryny azaltmaga ýardam edýär, ilatyň ähli gatlaklarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanmagy üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Täzeçil usullar we häzirki zaman tehnologiýalary esasynda durmuş üpjünçiligi ulgamy çalt ösýär. Şeýle şertlerde hyzmatlar boýunça işi guramagyň barha köp usullary we görnüşleri peýda bolýar. Durmuş goraglylygynyň düzümlerini ösdürmek, bu örän möhüm ulgama täzeçil usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, şu ugurda alnyp barylýan işleri döwrüň ösen talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler berkarar Diýarymyzyň durmuşynda möhüm binýada öwrülýär.

Adam hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýän, mähriban halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!

 

Bahar NIÝAZOWA, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Içerki we daşarky bazarlarda haryt dolanyşygyny öwreniş müdirliginiň baş hünärmeni, ministrligiň Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.