Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MILLI DEMOKRATIÝA DAÝANYP

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz ösüşleriň röwşen ýolunda bedew bady bilen öňe barýar. Mähriban halkymyz binýady berkden tutulan ýurdumyzda şanly wakalaryň, beýik ösüşleriň, döwletimiziň we jemgyýetimiziň rowaçlyklarynyň şaýady bolýarlar. Şu ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde il-ýurt bähbitli, örän ähmiýetli kararlar kabul edildi. Halk Maslahatynda: «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny bellemek hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini ýola goýmak bilen bagly guramaçylyk işlerini geçirmek hakynda resminamalaryň kabul edilmegi mähriban halkymyzyň guwanjyny goşalandyrdy.

Kabul edilen taryhy kararlardan ugur alyp, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, ylym-bilim pudagynyň işgärleri bilen konstitusion özgertmeler hakynda maslahatlary we söhbetli duşuşyklary yzygiderli geçirýär.

Hormatly Prezidentimiz örän gysga döwrüň içinde öz ýoly, oýlanyşykly syýasaty bilen halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün edýän şertleri emele getirdi, ylym-bilim ulgamyny kämil derejä ýetirdi, saglygy goraýyş ulgamynyň, dokma, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, ýangyç-energetika we beýleki birnäçe ulgamlaryň işlerini dünýä derejesine çykardy. Bu döwürde ýurdumyzda döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynyň ösüşini öz içine alýan giň möçberli maksatnamalaryň ençemesi kabul edildi. Geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty yzygiderli ýokarlandy, halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda durnukly ösüş depginleri gazanyldy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri barha ýokarlandyryldy.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň pudaklaýyn Geňeşleri, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işgärleri bilen geçirýän maslahatlarynda, duşuşyklarynda çykyş edenler bular babatda uly buýsanç bilen belleýärler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň at-abraýyny belende galdyrmak, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler, ykdysadyýetimiziň depginli ösüşlerini üpjün etmek babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar.

Häzirki wagtda hormatly Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen ata Watanymyzyň her bir raýatyna ýaşamaga, işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Goý, berkarar Diýarymyzy dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriniň hataryna çykarýan hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Jumamyrat GURBANOW, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygy bo­ýunça esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.