Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ZENAN BAGTYÝARLYGY — WATAN ABADANLYGY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda döwletimiziň, jemgyýetimiziň sütüni, daýanjy hem guwanjy hasaplanylýan maşgala ojaklarynyň berkligi, sagdynlygy, sagdyn nesil dowamaty barada bimöçber alada edilýär. Zenanlaryň bitirýän asylly hyzmatlaryna ýokary baha berilýär. Mährem enelerimize aýratyn hormat-sarpa goýlup, olary mukaddeslige deňemek ýaly öňden gelýän ýol-ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz mynasyp dowam etdirilýär. Enelerimiz, gelinlerimiz, uýalarymyz ýaş nesle görüm-göreldäniň asyl nusgasyny görkezýärler. Edep-terbiýäni dürli rowaýatlaryň, durmuşy mysallaryň üsti bilen ýaşlaryň aňyna ýetirýärler. Bu bolsa geçirilýän wagyz-ündew maslahatlarynda öz beýanyny tapýar.

Welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Zenan bagtyýarlygy — Watan abadanlygy» ady bilen geçirilen wagyz- -ündew maslahaty hem şolaryň biri boldy. Oňa bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, nebitgaz ulgamlarynda zähmet çekýän zenanlar, mährem eneler we ýaşlar gatnaşdylar.

Nesil terbiýelemek, halal zähmet çekip, onuň rehnetini görmek üçin döredilýän şertler ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatyň barha rowaçlanýandygyna aýdyň güwä geçýär. Döwlet syýasatynda türkmeniň ýüzüniň tuwagyna deňelýän mährem enelerimiz, gelin-gyzlarymyz baradaky alada hem esasy orunda durýar. Zenanlar bu günki günde jemgyýetimiziň dürli ugurlarynda işjeňlik görkezýärler, maşgala ojagyny mähri bilen ýyladýarlar.

Wagyz-ündew maslahatynyň dowamynda zenan edebi, ahlak ýörelgeleri, gelin-gyzlary bezeýän häsiýetler, gadymdan gelýän ýol-ýörelgeler, nesil terbiýesi barada aýdyldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan, halkymyzyň bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, raýatlaryň kanuny bähbitleriniň, hukuklarynyň ýokary derejede goralmagyna we üpjün edilmegine gönükdirilen giň göwrümli işleriň ähmiýeti bellenilip, zyýanly endiklerden daşda durmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek bilen baglanyşykly täsirli gürrüňler edildi. Zenan sarpasyny belentde tutýan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdylyp, döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolup, il-ýurt bähbitli beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaçlanmagy arzuw edildi.

 

Nursoltan Dep­biýewa. «Balkan».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.