Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MILLI MERTEBÄNIŇ GÖZBAŞY

Ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Bagtyýarlyk döwrüniň halk teatrlary» atly bäsleşigiň welaýat tapgyrynda etrabyň Halk teatry birinji orna mynasyp boldy. Welaýat medeniýet müdirligi hem-de TDP-niň welaýat komiteti bilen bilelikde etrap-şäher we şäherçe medeniýet merkezleriniň folklor toparlarynyň arasynda yglan edilen «Gadymyýetiň ýaňlary» atly bäsleşikde etrabyň «Zemin nagmalary» folklor topary «Gudalaryň çakylygy» diýen folklor çykyşy bilen birinji orna mynasyp boldy.

Ata Watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde gülläp ösýär, belent sepgitlere ýetýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetde, syýasatda, ylymda-bilimde, medeniýetde gazanan üstünliklerine bu gün dünýä haýran galýar. Bu bolsa milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ajaýyp syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň netijesidir. Bu beýik eýýamyň, şan-şöhraty, at-owazasy dünýä ýaň salan döwletiň waspyny etmek bolsa medeniýet we sungat işgärleriniň paýyna düşýär. Sebäbi hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleriniň uly döredijilik ruhy bilen işlemeklerine giň ýol açdy, beýik badalga berdi. Sungat äleminde zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen birnäçe bäsleşikler geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde 2021-nji ýylda Medeniýet hepdeliginiň Lebap welaýatynda geçiriljekdigini belledi. Bu bolsa biz — medeniýet we sungat işgärlerini diýseň begendirdi, buýsandyrdy. Bu hünär baýramçylygyna taýýarlyk işlerine bolsa şu günlerden girişildi.

Gahryman Arkadagymyzyň edýän aladalaryndan ruhlanyp, etrabymyzyň medeniýet-sungat wekilleri hem döredijilikli zähmet çekýärler. Olar ýurdumyzda geçirilýän medeni çärelere, baýramçylyk dabaralaryna toý sowgatlary bilen barýarlar. Dürli bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, üstünlik gazanýarlar. Üstümizdäki ýylda etrabymyzyň medeniýet we sungat ussatlary uly üstünlikleri gazandylar.

Şeýle-de şu günler etrabymyzyň medeniýet we sungat ussatlary hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli täze folklor, tans, aýdym-saz, drama eserleriniň üstünde işleýärler.

 

Allanazar ÝAZJUMAÝEW, Kerki etrabynyň medeniýet bölüminiň müdiri.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.