Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÖSÜŞLERIŇ TÄZE TAPGYRYNA TARAP

Her bir güni taryhy wakalara beslenýän eziz Diýarymyzda Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary rowaç alýar. Ýurdumyzda rowaçlyklaryň aýdyň ýolundan öňe barýan bagtyýar halkymyzyň ruhubelent zähmet çekmegi, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işler üstünlikli alnyp barylýar. Bu babatda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýerine ýetirilýän işler hem öz netijesini berýär.

Golaýda Mary şäher iç keselleri hassahanasynda welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararlary — ösüşleriň täze tapgyryna tarap» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýolbaşçylarydyr jogapkär işgärleri, pudaklaýyn geňeşleriniň hem-de kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary we işjeň agzalary, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň zähmetsöýer işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatda, ilki bilen, TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew, welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Şemşat Meredowa, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Toýly Garýagdyýew, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň baş hünärmeni, kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy Ogulşirin Seýidowa, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary Seýitmyrat Atamyradow çykyş etdiler. Çykyşlarda Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen kararlardyr çözgütler hem-de hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşy dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Bu ýerde çykyş edenler Halk Maslahatynda kabul edilen kararlaryň ähmiýetini, many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat çäreleriniň yzygiderli geçirilmelidigini nygtap, bu jogapkärli we möhüm wezipäniň jemgyýetçilik guramalarynyň paýyna düşýändigini bellediler. Şeýle hem häzirki wagtda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, şahsy arassaçylygy berjaý etmek, agyz-burun örtüklerini ulanmak, 2 metr araçägi saklamak ýaly möhüm işleriň durmuşa ornaşdyrylyşy hakynda hem durlup geçildi.

Maslahatyň dowamy lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň täze — 12-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy bilen utgaşyp gitdi. Bu täze kitaba öň öwrenilmedik ösümlikleriň 120-si hakynda maglumatlaryň, gymmatly maslahatlaryň girizilendigi, olaryň ynsan saglygy üçin örän ähmiýetlidigi buýsanç bilen bellenildi. Maslahata gatnaşyjylaryň il-ýurdunyň asudalygy üçin taýsyz tagallalary edýän, halkyna ajaýyp kitaplary peşgeş berýän Arkadag Prezidentimiziň adyna aýdylan alkyşly sözleri dowamly ýaňlandy.

 

Bahargül MEJIDOWA. «Maru — şahu jahan».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.