Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

LUKMANÇYLYK NAZARYNYŇ BEÝANY

Ýakynda TKA-nyň Ýolöten etrap birleşmesiniň, etrap hassahanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy bilen bilelikde guramagynda, hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň täze — 12-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Etrabyň medeniýet merkezinde geçirilen bu dabara etrabymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.

Onda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän giň möçberli işleriň halkymyzyň bähbidine gönükdirilýändigi, ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap saglygy goraýyş, anyklaýyş-bejeriş, sagaldyş, dynç alyş edaralarynyň sanynyň barha artýandygy barada buýsançly gürrüň etdiler. Enäni we çagany goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen tagallalaryň, jemgyýetimizde zyýanly endiklere garşy alnyp barylýan barlyşyksyz göreşiň hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde netijeli işleri ýola goýýanlygynyň güwäsidigi barada giňişleýin gürrüň edildi. Çykyş edenler güneşli Diýarymyzda ösýän dürli dermanlyk ösümlikler barada baý maglumatlary özünde jemleýän hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaplarynyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleri bilen bir hatarda dünýä halklarynda hem uly gyzyklanma döredýänligi barada belläp geçdiler.

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaby türkmen halkynyň gadymy lukmançylyk däplerini özünde jemleýän, häzirki zaman ylmy nukdaýnazaryndan taýýarlanan ajaýyp ylmy gollanmadyr. Onuň gymmaty hiç haçan egsilmezdir. Bu kitap lukmanlaryň täze-täze ylmy açyşlarynyň ajaýyp ylham çeşmesine öwrüler.

Goý, şeýle ajaýyp lukmançylyk kitaplaryny halkymyza peşgeş berýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç alsyn!

 

Rozymuhammet ARTYKOW. TKA-nyň Ýolöten etrap birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.