Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GEÇI DERISI

Biziň bu wakamyz 1984-nji ýylda 80 ýaşynyň içinde dünýäsini täzelän, ömrüniň esasy bölegini Tagtabazar etrabynyň Pendi ýaýlasynda mal yzynda geçiren, ilki çopan, soňra bolsa ferma müdiri bolup zähmet çeken, Mary etrabynyň Akybaý geňeşliginde doglan Paýtak Ýanykowyň il-günümiziň saglygyny dikeltmekde eden işleri bilen baglanyşykly.

Şu ýylyň aprel aýynda gyzykly maglumatlar bilen il-günümizi begendirip durýan, ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe bolan “Maru — şahu jahan” welaýat gazetimiziň muşdaklarynyň biri maňa jaň edip, 70 ýaşdan geçen kakasynyň beren gyzykly, täsin hem-de durmuşda ulanaýmaly bir wakasyny gürrüň berdi.

... Bu waka 1970-nji ýyllarda bolupdy. Bir sebäp bilen inimiň aýagy injiginden döwüldi. Biz onuň aýagyny bejertmek üçin alada baryny etdik, ýöne näme sebäbe görädir injik süňkleri ýerbe-ýer bolubermeýärdi. Özem hiç agyrysy aýrylybermeýärdi. Aýak injiginiň döwügi inimi düşege baglapdy. Biz näme etjegimizi bilmän halys aljyrapdyk. Günleriň birinde ýakyn tanşymyz Paýtak aga barada gürrüň berdi. Bizem salgysyny alyp, onuň öýüne tarap ýola düşdük. Şol wagtlar tebip ýaşuly Mary şäherinde ýaşaýar ekeni. Ýaşuly bizi gadyrly garşylap, derrew dertlimize seretmek bilen boldy.

Zanny tebigy üşükli Paýtak aga aýakdaky döwügi göreninden: “Hemme zat düşnükli, derrew bir geçiniň derisini ýyljagy bilen getiriň. Onsoň galanyny özüm oňararyn” diýip, bize ýüzlendi. Biz şol ýerde derrew bir geçini soýaga-da derisini gyzgyny bilen tebip ýaşula berdik. Ol derrew deriniň gerek ýerinden kesip alyp, döwügiň üstüne gowy edip sarady-da, bize: “Indi birki günden agyrysy aýrylyp, bir hepdedenem hiç zat bolmadyk ýaly bolar. Bir hepdeden hassany meniň ýanyma getiriň, özüm sargysyny aýryp bererin” diýdi.

Biz Paýtak aga minnetdarlygymyzy bildirip, öýümize gaýtdyk. Ömrüni mal yzynda geçirip, haýwan-u-ynsanyň derdine düşüş bolup giden Paýtak aganyň diýşi ýalam boldy. Näçe gündür agyrydan ýaňa tara tapmaýan inim öýe gelenimizde sorkuldap agyrýan aýagynyň agyrysynyň eýýäm azalandygyny, ynjalyp başlandygyny aýtdy. Derde em edilen gününden dört gün geçeninden soň inimiň aýak agyrysy doly aýrylyp, ýöräp başlapdy. Bir hepde geçeninden soňra Paýtak aganyň ýanyna sargyny aýyrtmaga bardyk. Ol sargyny aýyrdy-da: “Oňat bolupdyr. Sen indi arkaýyn geziber, aýagyň döwügi bitipdir” diýip, inime ýüzlendi. Soňra ol bize: “Serediň aýagyň döwlen ýerinden bir süňk gyçagy başgarak ýere düşüpdir-de hem-ä iriňläpdir, hemem injigiň etine çümüp durupdyr. Geçiniň hamy bolsa, döwlen ýerdäki iriňi sorup, aýakdaky agyryny aýrypdyr, süňk gyçagyny hem gara-köýük edip, tende gara tegmil edip goýupdyr” diýip düşündirdi...

Hormatly adamlar! Geçi derisiniň (hamynyň) döwük-ýenjigi bejermekdäki peýdasy Ysmaýyl Gürgenliniň (Jürjanynyň) ylmy kitaplarynda-da, halk tebipçiliginde-de giňden beýan edilendir.

 

Amanmyrat ÝAMADOW. Wekilbazar etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň geografiýa mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.