Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

JEMGYÝETIŇ SAGDYNLYGY UGRUNDA

Ýurt Baştutanymyzyň tagallasy bilen ata Watanymyzda “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde il-ýurt bähbitli toplumlaýyn çäreler çalt depginde durmuşa ornaşdyrylýar. Dünýäniň kämil tehniki enjamlary bilen üpjün edilen saglyk maksatly ägirt uly desgalar gurulýar. Döwletimiziň saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlarynda oňyn ösüşler gazanylýar. Bu ugurda ylmy-tehniki innowasion işläp taýýarlamalara, öňdebaryjy tejribä aýratyn ähmiýet berilýär.

Lukmançylyk enjamlaryny eksport etmek we hyzmatlaryny ýola goýmak barada Türkmenistan döwletiň dünýäniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny barha işjeňleşdirilýär. Ýurdumyzda täze hassahanalar gurulýar, köpugurly bejeriş edaralarynyň, lukmançylyk merkezleriniň we şypahanalaryň durky täzelendi.

Bilşimiz ýaly, Daşoguz welaýatynda birnäçe möhüm desgalar bilen birlikde, zyýansyzlandyrylan sargy önümlerini öndürýän kärhana ulanylmaga berildi. Balkan welaýatynyň çäginde saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalar gurlup ulanylmaga berildi. Jebel şäherçesinde bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhana gurlup, onuň kuwwatlylygy ýylda taýyn, ekologik taýdan arassa terapewtiki we kosmetiki önümleriň 400 müň gabyny, wulkan palçygynyň we deňiz duzunyň hersinden 100 müň gabyny, Mollagara palçygynyň 200 müň gabyny öndürmäge ukyplydyr.

Türkmenistanda gysga döwürde “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030njy ýyllar üçin milli maksatnamasyna” laýyklykda, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş-bejeriş, bejeriş-sagaldyş halkara merkezleri guruldy. Şeýle-de Arçman, Ýylysuw, Berzeňňi, Farap, Baýramaly, Mollagara, Daşoguz şypahanalarynyň durky täzelenip, olar doly döwrebaplaşdyryldy. Gysga wagtyň içinde gurlan köpugurly we ýöriteleşdirilen saglyk merkezleri, hassahanalar, şypahanalar we derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup, işe girizildi, saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejä göterildi.

Şu ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, ak mermerli şäherimiz Aşgabadyň iň gözel künjeginde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda iki sany döwrebap bina — Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi hem-de Estetika merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy. Paýtagtymyza özboluşly gözellik berýän bu kaşaň binalar göreniň gözüni dokundyrýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň, haýyr-sahawat işleriniň üstüni ýetirýän bu ajaýyp binalarda ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalar bilen halkymyza döwrebap hyzmat edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik kitabynyň 12-nji jildi okyjylara gowuşdy. Kitapda tebigat, pasyllar, melhemlik otlar, olaryň ulanylyş häsiýetleri barada giň düşünje berilýär. Watana, tebigata söýgi döredýän bu gymmatly ylmy iş her bir ynsana ruhubelentlik paýlaýar.

 

Aýgül AMANOWA, Aşgabat şäher Arassalaýyş, abadanlaşdyryş birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.