Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ILKINJILERIŇ HATARYNDA

Pagta ýygymy oba hojalygynda iň jogapkärli möwsümleriň biridir. Daýhanyň ýylboýy alyn derini döküp, yhlas bilen ýetişdiren hasylyny wagtynda, ýitgisiz ýygnamaga goşant goşmak her birimiz üçin asylly işdir. Şonuň bilen baglanyşykly, welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary möwsümiň ilkinji günlerinden pagtaçylaryň arasynda bolup, olaryň armasyny ýetirýärler, höweslendiriş işlerini alyp barýarlar.

Pagta ýygymynyň depgininiň ýokarlanmagynda we ýygnalan gowaça hasylynyň harmana ýitgisiz daşalmagynda ähmiýetli bolan bu işleriň netijeliligi hem gazanylýar. Pagta ýygymynda tapawutlanýan kärendeçiler, ýygymçylar, awtoulag sürüjileri we mehanizatorlar iş üstünde sylaglanylýar. Munuň özi pagta ýygymy möwsümine gatnaşyjylara belent sepgide ýetmäge ruhubelentlik berýär. Pagta ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän häzirki günlerinde aýry-aýry daýhan hojalyklarydyr daýhan birleşikleriniň şertnamalaýyn borçnamalaryna abraý bilen hötde gelendigi bilen baglanyşykly hoş habarlary eşitmek has-da ýakymlydyr.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde welaýatymyzyň hojalyklarynyň ýene-de biri, ýagny Gökdepe etrabynyň «Ýandaklyagyz» daýhan birleşiginiň pagtaçylary «ak altyn» taýýarlamak boýunça tabşyrygy berjaý etdiler. Tejribeli oba hojalyk işgäri Daňatar Pirowyň ýolbaşçylyk edýän daýhan birleşigi boýunça üstümizdäki ýylda 230 gektar meýdanda bereketli hasyl ýetişdirildi hem-de ýygym möwsümine ýokary taýýarlyklar bilen guramaçylykly girişildi. Sazlaşykly ýola goýlan işler netijesinde hojalygyň pagtaçy kärendeçileri tarapyndan gowaça hasylynyň 506 tonna golaýy ýygnalyp, Watan harmanyna tabşyryldy. Bu görkeziji daýhan birleşiginiň pagtaçylarynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny 114 göterim berjaý edendiklerini aňladýar.

Daýhan birleşiginiň pagtaçylarynyň zähmet üstünliginde kärendeçi Jumamyrat Ýahýaýewiň saldamly goşandy bar. Tejribeli daýhan üstümizdäki ýylda 3 gektar kärende ýerinde ýetişdirilen gowaça ekininden «ak altynyň» 5 tonna 793 kilogramyna derek 17 tonna 552 kilogramyny ýygnap aldy, şeýlelik bilen her gektaryň hasyllylygyny 58 sentnere ýetirdi.

2,5 gektar kärende ýerinde gowaçanyň «Ýolöten — 7» görnüşiniň bol hasylyny ýetişdiren pagtaçy kärendeçi Altyn Pirowanyň gazanan netijesi hem guwandyryjy boldy. Ol şol meýdandan “ak altynyň” 14 tonna 416 kilogramyny ýygnap almak bilen, her gektaryň hasyllylygyny 58 sentnere ýetirmegi başardy.

Daýhan birleşiginiň öňdebaryjy kärendeçileriniň biri-de Maýa Şyhlyýewadyr. Ol 4 gektar kärende ýeriniň her gektarynyň hasyllylygyny 36 sentnere ýetirdi. Has anygy, ol 7 tonna 724 kilogram pagta derek, 14 tonna 365 kilogramyny harmana goşdy. Munuň özi şertnamalaýyn borçnamada göz öňüne tutulan möçberden 6 tonna 641 kilogram köpdür.

Daýhan birleşigiň umumy zähmet üstünligine saldamly goşant goşan şeýle ussat pagtaçy kärendeçileriň sany az däl. Olar şu günler atyzlardaky hasylyň galan bölegini hem isripsiz ýygnap, zähmet üstünligini has-da berkitmegiň aladasy bilen işleýärler.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň wekilleri şeýle öňdebaryjy zähmetkeşler bilen iş üstünde duşuşyp, olary zähmet üstünligi bilen gutlaýarlar.

 

Akgözel HOJALYÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.