Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ZÄHMET BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI

Ak bugdaý etrap häkimligi hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan pagtaçylaryň arasynda yglan edilen ongünlük zähmet bäsleşikleri öňdebaryjylary öňe çykarýar. Munuň şeýledigine nobatdaky ongünlük zähmet bäsleşiginiň görkezijileri aýdyň şaýatlyk edýär. Bäsleşigiň jemi jemlenende pagtaçy kärendeçileriň, ýygymçylaryň, kombaýnçylaryň we hasyly harmana daşamaga gatnaşýan sürüjileriň arasynda aýratyn tapawutlanan öňdebaryjylar mälim boldy.

Zähmet bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak çäresi iş üstünde guraldy. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri zähmetiň gyzgalaňly alnyp barylýan ýerinde bolup, zähmetkeşler bilen duşuşdylar, olaryň armasyny ýetirdiler hem-de ýeňijilere sowgatlaryny gowşurdylar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň sowgadyna mynasyp bolanlaryň arasynda etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatorlary R.Annamyradow, M.Hananow, A.Gumlyýew, pagta arassalaýjy kärhanasynyň sürüjisi Ş.Kakabaýew, “Bugdaýly” daýhan birleşiginden sürüji M.Gazakow dagy bar.

Pagta ýygymynyň depginini artdyrmak, ýygnalan hasyly bökdençsiz daşamak babatda uly ähmiýete eýe bolan zähmet bäsleşikleri dowam edýär. Geljekki ongünlük zähmet bäsleşikleri hem öňdebaryjylary öňe çykarar.

 

Tawus MEREDOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň işgäri.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.