Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ZENANLARYŇ BÄSLEŞIGI

Ata Watanymyzda zenanlara uly hormat-sarpa goýulýar. Bu meselede döwlet Baştutanymyz dünýä nusgalyk syýasaty belent mertebe bilen ýöredýär. Şonuň netijesinde aýal-gyzlaryň jemgyýetimizde tutýan orny barha ýokarlanýar, olaryň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine goşýan goşandy yzygiderli artýar. Şeýle buýsandyryjy ýagdaý hakynda ajaýyp baýramyň — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öň ýanyndaky günlerde söhbet etmek örän ýakymlydyr. Ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan baýram mynasybetli geçirilýän dabaraly çärelerde bu hakykat has giňden beýanyny tapýar.

Golaýda etrabymyzda dürli ulgamlarda döredijilikli zähmet çekýän zenanlaryň gatnaşmaklarynda «Kesbikärim nesillere görelde» ady bilen gyzykly bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden bu bäsleşigi ata Watanymyzyň gülläp ösmegine saldamly goşant goşýan, maşgala ojagyna wepaly, edepli-ekramly, zähmetsöýer, ene-mamalarymyzyň gadymy däp-dessurlaryna ygrarly, çeper elli zenanlary ýüze çykarmak maksady bilen guraldy.

Elleri çeper, dilleri şeker zenanlaryň arasynda etrabymyzdaky 28-nji orta mekdebiň şekillendiriş sungaty dersiniň mugallymy Ogulnur Öräýewa öňe saýlanylyp, bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Ol heýkeltaraşlyk senediniň başarnyklaryny kämillik bilen ele alandygyny subut etmegiň abraý bilen hötdesinden geldi. Çäräni guraýjylar tarapyndan ýeňijilere we oňa gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Buýsançly döwrümize çäksiz guwanýan bäsleşige gatnaşan güler ýüzli zenanlar halkymyza abadan durmuşda ýaşamaga, ak ýürekden, halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Arzuw SAPAROWA, TKA-nyň Saýat etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.