Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝEŇIŞLI SEPGITLERIŇ ÝOLY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň özüne mahsus atlar bilen gelýän ýyllarynyň ýene biri tamamlanyp barýar. Gahryman Prezidentimiziň başlangyjyndan gözbaş alyp, “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň hem ýeňişli sepgitlere, şanly wakalara beslenip, jemlenmegine az wagt galdy. Şanly ýylymyzyň guwanjy milli Liderimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmäge saldamly goşant goşmaga ruhlandyrýar. Aýratynam, Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynyň taryhy wakasy — Bitaraplygyň 25 ýyllygynyň baýramçylygy guwanjymyzy goşalandyrýar.

Etrabymyzyň zähmetkeşleri uly toýy mynasyp zähmet sowgatly gar- şylamaga çalyşýarlar. Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň baýramyny ýokary görkezijiler bilen garşylap, şanly ýylymyzy şöhratlandyrmakda uly tagallalary edýärler. Önümçilikde ýokary netijeleriň gazanylmagynda, beý- leki ulgamlarda şanly ýylymyzy gowy görkezijiler bilen dabaralandyrmakda bitirilýän işlerde etrap birleşmämiziň işgärleriniň, ilkinji guramalarymyzyň başlyklarydyr işjeň agzalarynyň goşantlaryny ýatlamak ýakymlydyr. Biz önümçiligiň öňdebaryjylaryny höweslendirip durýarys. Milli Liderimiziň kabul edýän Maksatnamalaryny, öňde goýýan wajyp wezipelerini ilata düşündirmekde, wagyz-nesihat etmekde netijeli işleri geçirýäris. Bu işiň gowy ýola goýulmagy bolsa belent sepgitlere badalga berýär.

 

Ýeňiş NURMYRADOW. TKA-nyň Wekilbazar etrap birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.