Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DÜNÝÄ ÝAŇ SALÝAN TÜRKMEN MERTEBESI

Biziň ata-babalarymyzdan nesilden-nesle geçen, il-günüňe ak ýürekden hyzmat etmek, töwerek-daşyňa sylaşykly bolmak, ýagşy işleri durmuşa geçirmek, birek-birege hemaýat, goldaw bermek ýaly türkmeniň köki-damaryna siňen, ähmiýetini hiç haçan ýitirmeýän nusgalyk häsiýetleri jemgyýetimiziň baýlygydyr. Gahryman Arkadagymyzyň dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen ynsanperwer syýasaty döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesinden gelip çykýan wezipeleri ygtybarly çözmegiň hukuk esaslary bolup durýar. 

Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygynyň bary-ýogy dört ýylyň içinde Bitaraplyk hukuk derejesine eýe boldy. BMG-niň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýany kabul etmek bilen, öz taryhynda ilkinji gezek biziň ýurdumyza hemişelik Bitaraplyk derejesini berdi. Bu wakanyň bolan güni her bir türkmenistanlynyň aňynda hemişelik galan şanly sene hökmünde taryha girdi. Munuň özi diňe bir türkmen döwleti üçin däl, hatda BMG-niň özi üçin-de örän uly ähmiýetli wakadyr. Bu resminamany bu abraýly gurama agza döwletleriň 185-si biragyzdan goldady. 2015-nji ýylyň iýunynda bolsa Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi BMG tarapyndan ady agzalan Rezolýusiýa bilen ikinji gezek ykrar edildi. Halkara derejeli bu çözgüt BMG-niň we dünýäniň taryhynda heniz gaýtalanmadyk syýasy waka boldy. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz «Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz, eziz Türkmenistanymyzdyr!» diýip, adalatly belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ganatly sözlerini bu gün ildeşlerimiziň her biri uly buýsanç bilen gaýtalaýar. Çünki Bitaraplyk syýasaty dünýäde parahatçylykly ýol bilen bagtyýar geljege sary ynamly öňe gitmekdir, dünýä döwletlerini we halklaryny birleşdirmek — doganlaşdyrmakdyr. Türkmen halkynyň milli özboluşlylygy bolan ynsanperwerlik ýoly Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynda öz beýanyny tapýar. 

Üstümizdäki ýylyň başynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat, onda hormatly Prezidentimiziň çuň mazmunly taryhy çykyşy oňa gatnaşyjylaryň göwün guşuny ganatlandyryp, olaryň bagt nesibesini goşalandyrdy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan bu forum şanly ýylymyzyň toýlarynyň başyny başlady. Maslahatyň dowamynda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky şertnamalaryň 12-sine gol çekildi.

Ýeri gelende aýtsak, bu foruma gatnaşyjylaryň BMG-niň Baş sekretaryna iberen Ýüzlenmesini BMG-niň Baş Assambleýasynyň özüniň 74-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde kabul etmegi hem-de onuň BMG-niň resmi dillerinde çap edilmegi halkymyzda buýsanç duýgusyny döretdi.  Ýeri gelende, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji we 75-nji mejlisleriniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanylandygyny belläp geçmek ähmiýetli bolar. Munuň özi şu ýyl hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 25 ýyllyk senesini belleýän Diýarymyzyň ýokary halkara abraýyna, milli Liderimiziň alyp barýan daşary syýasat ugrunyň giň goldawa we ykrarnama eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinda wideoýazgyda çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyzyň şol çykyşy döwrüň möhüm meselelerini çözmek boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir. Şonda «Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetini durnukly ösüş ýoluna çykarmak üçin şertleri döretmek zerurdyr» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de energetika, ulag, senagat we söwda ulgamlaryny möhüm ugurlaryň hatarynda görkezdi. Şeýle hem,Türkmenistan Milletler Bileleşiginiň ýubileý mejlisinde sebit we dünýä syýasatynyň esasy meseleleri babatda netijeli garaýyşlaryny mälim etdi. Bu garaýyşlar, esasan, pandemiýa garşy göreşde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagy, dünýäde parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri, durnukly ösüş hem-de halkara ynsanperwer hyzmatdaşlyk bilen bagly möhüm gatnaşyklar baradaky örän oýlanyşykly pikirleri we başlangyçlary özünde jemleýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary, pähim-paýhasy bilen röwşen geljege barýan ýurdumyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň her bir gününiň, her bir aýynyň rowaçlyklara beslenýändigini, halkymyzyň buýsanjyna öwrülýän taryhy wakalaryň türkmenistanlylaryň her biriniň kalplarynda guwanç duýgularyny döredýändigini görkezýär. 

Türkmenistanyň teklibi bilen 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, özem şol ýylyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna gabat gelýändigi bizi diýseň begendirýär. Umuman, adamzat hakyndaky aladanyň her bir adam hakyndaky aladadan, tutuş dünýä hakyndaky aladanyň bolsa, her bir öý, ýurt hakyndaky aladadan başlananda netijeli bolýandygyny hormatly Prezidentimiz «Döwletadamüçindir!» diýen syýasaty bilen dolulygyna subut edýär. Şonuň üçin hem öz halkyna dünýäniň gapylaryny açyp beren, beýik ösüşleri gazanmagyň iň kämil ýollaryny saýlap alan, ynsanperwer syýasaty bilen halkara derejesinde ykrar edilen milli Lideri bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy has giňeltmek dünýä döwletleri üçin mertebä we umumy bähbitli wezipä öwrüldi. Çünki bu günki gün güneşli ýurdumyz dünýäde iň ygtybarly hyzmatdaş, kämil ösüş ýoluna düşen döwlet hökmünde hemmeleriň nazarynda. Munuň özi hemişelik Bitaraplygymyzyň miweleridir. Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistan özüniň parahatçylyk söýüji we oňyn syýasaty netijesinde dünýäniň 150-ä golaý döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. 

Arkadagly halkyň gülleýän ýurdy bolan Garaşsyz Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna daýanyp, dünýä çykýar, hemişe umumadamzat ähmiýetli wezipeleriň oňyn çözgüdiniň tapylmagy ugrunda işjeň hereket edýär, öz sözüni aýdýar. Şu hem türkmen döwletine mertebe,şan-şöhrat getirýär. Mertebeli döwletiň raýaty bolmak bolsa, her bir türkmenistanly üçin egsilmez bagtdyr. Bizi şeýle derejä ýetiren hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Mähriban Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlarynyň dowamat-dowam, hemişelik Bitarap döwletimiziň asudalyk, parahatçylyk ýolunyň röwşen bolmagyny arzuw edýäris. Hormatly Prezidentimiziň belent maksatlary has-da rowaçlanyp, diňe bir ýyl däl, tutuş heňňam parahatçylygyň, ynanyşmagyň eýýamyna öwrülsin! 

 

Mahmyt ÝAZOW, TKA-nyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.