Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Golaýda Köneürgenç etrap häkimliginiň mejlisler eýwanynda Köneürgenç şäher we etrap polisiýa bölüminiň guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çärä etrabyň il sylagly ýaşululary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde etrap häkimliginiň hünärmeni Nurberdi Haljanow, Köneürgenç şäher we etrap polisiýa bölüminiň ýerli wekiller bölümçesiniň müdiri Guwanç Hojamow, etrabyň ymamy Arazmyrat Muhammedow, il sylagly ýaşuly Halnazar Nurmuhammedow, TDP-nyň etrap komitetiniň başlygy Gurbanmyrat Muhammedow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Mahmyt Ýazow, TAP-niň etrap komitetiniň başlygy Oraz Araşow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Dädebaý Pirmädow dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň kadadan ýokary derejede bolmagy bilen bagly adam bedenine ýaramaz täsirleriň öňüni almak boýunça saglyk ulgamynyň işgärleri tarapyndan etrabyň çäginde degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdylar. Her bir adamyň saglygynyň arassaçylyga baglydygyny, şonuň üçin hem her bir adamyň özüni we öz öýüni arassa saklamalydygy, arassaçylyk-gigiýena talaplaryny dogry berjaý etmelidigi barada nygtap geçdiler. Häzirki howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak maksady bilen, lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmak, köpçülik ýerlerinde aralygy 2 metr uzaklykda saklamak talaplaryny doly berjaý etmek dogrusynda degerli maslahatlaryny berdiler. Oba ilatynyň arasynda ýygy-ýygydan geçirilýän arassaçylyk talaplaryny berjaý etmek boýunça wagyz-düşündiriş işleriniň ähmiýeti bellenildi. Duşuşygyň dowamynda il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.

 

Gülhumar HOJAHMETOWA, TAP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.