Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

JEMGYÝETIŇ SAGLYGY UGRUNDA

Golaýda Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda «Sagdyn jemgyýet — sagdyn ruh» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri gatnaşdylar. Çärede Daşoguz şäher polisiýa bölüminiň PÝGG-nyň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory Akmyrat Mosanow, welaýat Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölümçesiniň uly gözegçisi Tawus Ýagmyrowa, ylym-bilim işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Baýram Täşliýew, welaýat suwda halas ediş müdirliginiň başlygynyň orunbasary Baýram Myradow, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmeni Maral Täjibaýewa dagy çykyş etdiler. Çykyş edenler arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmegiň ýiti respirator keselleriniň öňüni almakda, bedende oňa bolan durnuklylygy döretmekde oňyn täsir edýändigini belläp geçdiler. Şeýle-de zyýanly endiklerden daşda durmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, bedenterbiýe we sport bilen yzygider meşgullanmak barada wagyz edildi. Ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň sagdyn hem bagtyýar durmuşy ugrunda irginsiz aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Mähri REJEPOWA, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.