- TM
- RU
Şeýle at bilen Kaka etrap kazyýetiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda etrabyň Medeniýet öýünde duşuşyk geçirildi. Oňa dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiz, kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, gaznaçylary hem-de işjeň agzalary gatnaşdy.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanan duşuşykda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlygy Nowruz Öwlýakulyýew çykyş edip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýurtlary we halklary bilen hoşniýetli gatnaşyklarynyň pugtalanýandygy, hormatly Prezidentimiziň halkara derejesindäki başlangyçlarynyň Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň berkidilmegine oňyn täsirini ýetirýändigi dogrusyndaky gürrüňe ünsi çekdi. Ol ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan ajaýyp üstünlikleriň ähmiýeti barada aýratyn belläp geçdi. Onuň nygtaýşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýasy esasynda Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň berilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugrunyň, onuň halkara giňişligindäki ornunyň ykrar edilmesi bolup, türkmen halkynyň Garaşsyzlykdan soňky uly ýeňişleriniň biri hökmünde taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Türkmenistan Watanymyz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dünýäde ilkinji hem-de iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitarap ýurtdur, şeýle-de Ýer ýüzünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasyny resmi taýdan özüniň Esasy Kanunyna girizip, konstitusion taýdan berkiden ýeke-täk döwletdir.
Duşuşygyň dowamynda etrap kazyýetiniň uly kazyýet ýerine ýetirijisi Işanmyrat Mürtiýewiň eden çykyşy hem täsirli boldy. Onuň çykyşynda bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň baştutanlygynda bagtyýar halkymyz baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýuny uludan toýlaýar. Hormatly Prezidentimiziň ählihalk tarapyndan döwlet Baştutanlygyna saýlanan ilkinji gününden hemişelik Bitarap ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik mümkinçiligi has-da artdy, iş ýüzünde ony durmuşa geçirmegiň täze görnüşleri peýda boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen, 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni hökmünde ykrar edilse, «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip, yglan edildi. Bu zatlar ýurdumyzyň halkara derejesindäki at-abraýynyň has-da belentdigini görkezýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýunyň uludan toýlanjak ýylynda döwletli tutumlara badalga berýändigi, ajaýyp başlangyçlary öňe sürýändigi üçin hormatly Prezidentimize ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Akmuhammet MAGTYMGULYÝEW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.