Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TELEKEÇILIK IŞI

Gurbanmämmet REJEPOW, Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.

Nurýagdy AÝNAZAROW, Türkmen döwlet maliýe institutynyň maliýe kafedrasynyň uly mugallymy.

Kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerini maliýe taýdan goldamak babatda olara ýeňillikli karzlaryň berilýändigini aýratyn bellemelidiris. Hormatly Prezidentimiziň 2012-nji ýylyň iýul aýynda çykaran Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň banklaryna kiçi we orta telekeçilige degişli taraplara önümleri öndürmek, işleri hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalary üçin 10 ýyla, dolanyşyk serişdelerini almak üçin 1 ýyla çenli möhlete ýyllyk 5 göterim bilen karzlary bermäge ygtyýar bermek göz öňünde tutulýar. Kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawynyň bu görnüşi häzirki wagtda ýurdumyzda giňden ulanylýar. Bu goldaw türkmenistanly telekeçileriň maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin amatly şertler döredýär. Bu şertleriň hem öz gezeginde önümçiligiň giňemegine, ösmegine we täze iş ýerleriniň döredilmegine anyk täsirini ýetirýändigi, şonuň ýaly-da, türkmen haryt öndürijileri tarapyndan öndürilen önümleriň eksportuny üpjün edýändigi ikuçsuzdyr.

Kiçi we orta telekeçiligiň ösüşi bilen baglanyşykly köp meseleler olaryň maglumat üpjünçiligine, maslahatçy hünärmenleriň elýeterliligine bagly bolýar. Kiçi we orta telekeçiligi döwrebap maglumat ulgamy bilen üpjün etmek olaryň iş netijeliligine düýpli täsirini ýetirýär. Şunuň bilen birlikde, telekeçileriň önümlerine bolan islegler we nyrhlar barada maglumatlar binýadyny döretmek ähmiýetli wezipeleriň hataryna girýär. Bu meseleleri çözmek boýunça häzirki wagtda ýurdumyzda birnäçe işler alnyp barylýar. Muňa mysal edip, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň internet saýtyndaky önümleriň bahalary baradaky çärýek hasabatlaryny görkezmek bolar. Şeýlede milli we halkara derejesinde geçirilýän sergi-ýarmarkalaryna telekeçileriň gatnaşmagy üçin döwlet tarapyndan edilýän goldawlar olaryň önümleriniň amatly nyrhlarda bazarlara aralaşmagyna mümkinçilik döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda oba hojalyk telekeçiligini ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň çig mal binýady, şeýle hem Watanymyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekligiň esasy kepili hökmünde çykyş edýär. Şulara laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary bilen:

Söwdanyň syry — beýlekileriň bilmeýän zatlaryny bilmek.

Aristotel Onassis

Türkmenistanyň ygtyýarly banklaryna daýhan birleşiklerine, daýhan hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, mülkdarlara, kärendeçilere we oba hojalyk ylmy-barlag institutlaryna:

— oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak üçin ýyllyk 1 göterim bilen, olaryň ulanyş möhletinden ugur alyp, 10 ýyla çenli möhlete her ýylda deň paýlarda gaýtarmak şertinde;

— maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek, şeýle hem esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak üçin ýyllyk 5 göterim bilen 10 ýyla çenli möhlete ýeňillikli karzlary bermäge ygtyýar bermek göz öňünde tutulýar.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.