- TM
- RU
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gelin-gyzlaryň arasynda yglan eden «Gülüň owadan!» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan gelingyzlar gatnaşdylar.
Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşanlar birinji şertde türkmen milli keçesini taýýarlamak bilen baglanyşykly käbir işleri (ýüň saýlap almak we saýmak, ýüňi daramak, boýamak, pişge ýasamak, keçäniň gamşyny dokamak, keçäni basmak, çekmek we ş.m.) ýerine ýetirip görkezdiler we keçäni taýýarlamak üçin zerur bolan gurallaryň atlary, olaryň ulanylyşy barada gürrüň berdiler.
Bäsleşigiň ikinji şertinde gelin-gyzlar bellenilen wagt aralygynda öz welaýatlarynyň aýratynlyklaryna görä, «Ak tüýnük», «Gyzyl tüýnük», «Gözenek», «Saýlan», «Gülýaýdy» we beýleki milli nagyşlary salyp, boýy 1,5, ini bolsa 1 metr bolan keçäni taýýarlamak we ony güllemek boýunça bäsleşdiler. Gyzykly hem çekeleşikli geçen bu şertde zenanlarymyz öz çalasynlygyny, ezberligini görkezip, az wagtyň dowamynda iň owadan hem nepis keçäni taýýarladylar.
Bäsleşigiň üçünji şertinde ene-mamalarymyzdan miras galan, gözellik sungaty bolan keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, yrymlary, nagyşlaryň taryhyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary, degişmeleri, gazallary, aýdyşyklary ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň bu şerti oňa tomaşa eden gelin-gyzlarda, şeýle-de eminler toparynda uly gyzyklanma döretdi.
Bäsleşigiň netijesine laýyklykda, toparlaryň başarnyklary esasynda, şeýle-de düzgünnamanyň talaplaryny berjaý edip, eminler toparynyň gelen netijesine görä, Aşgabat şäherinden Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň baş şepagat uýasy Ogulbahar Söýünjalyýewa bilen şol hassahananyň kiçi şepagat uýasy Amanjahan Muhadowa baş baýraga, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy Gurbangözel Amanmyradowa bilen Ak bugdaý etrabynyň Jemagat hojalygy müdirliginiň Abadanlaşdyryş bölüminiň bagbany Güljemal Annaberdiýewa, şeýle-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň 4-nji orta mekdebiniň mugallymy Doýduk Ýazmämmedowa bilen Türkmenbaşy etrabynyň Gürji oba medeniýet öýüniň müdiri Orazbagt Arazgeldiýewa birinji orna, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Ýazjahan Allaberdiýewa bilen şol etrabyň Gammarbaba geňeşliginiň Ýeňiş oba medeniýet öýüniň müdiri Maýagözel Meredowa, şeýle-de Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Burdalyk geňeşligindäki Burdalyk oba medeniýet öýüniň sazandasy hem-de tans goýujysy Maýsa Saparowa bilen şol etrabyň 3-nji orta mekdebiniň rus dili mugallymy Gülşat Rozyýewa ikinji, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täzeýol geňeşliginiň Täzeýol medeniýet öýüniň tans goýujysy Altyn Seýidowa bilen, şol etrabyň ýaşaýjysy Ogulşeker Kelowa degişlilikde üçünji orna mynasyp bolmagy başardylar.
Bäsleşikde ýeňiji bolan zenanlara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
(Ýörite habarçymyz).