Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TOÝLARYŇ MEKANY — EZIZ DIÝARYM

Ýakynda ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna — 25 ýyl: döwletlilik, parahatçylyk, ösüş we özgertmeler ýoly bilen» atly maslahat geçirildi. Onda baky Bitaraplygymyzyň ýyllary içinde ýurdumyzda gazanylan üstünliklerdir ýetilen sepgitler hakda buýsançly gürrüň edildi. Çykyş edenler ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmakda bimöçber aladalary edýän hormatly Prezidentimize egsilmez alkyşlaryny beýan etdiler.

Mähriban Watanymyzda toýlar toýa ulaşýar. Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramçylygyna barýan günlerimizde bütin ýurdumyz toý lybasyna beslenýär. Şeýle ajaýyp günlerde täze ýaşaýyş toplumlarynyň, beýleki durmuş maksatly döwrebap desgalaryň dabaraly açylyşlary bolup geçýär. Golaýda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň, Magtymguly şaýolunyň ugrunda dürli ulgamlara degişli, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açylmagy «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň barha rowaçlanýandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleriň il-ýurt bähbidine ýugrulandygyny ýene bir ýola aýdyň görkezdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň golaýda geçirilen gi­ňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz baky Bitaraplygymyzyň şanly toýuny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy. Şonuň bilen birlikde, geljek 2021-nji ýylyň nyşany hakda hem gürrüň edildi. 2021-nji ýyl hem nesip bolsa, toý-baýramlaryň ýyly bolar.

Dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmekde medeniýet ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyz bu barada öz çykyşlarynda hemişe nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmekde 2021-nji ýylyň nyşanynyň ähmiýeti barada aýtmagynda hem uly many bar.

Baky Bitarap Diýarymyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürip, halkymyzy eşretli döwrüň eýesi eden hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

Ene MÄMMEDOWA, Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.