Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÄZE SEPGITLERI NAZARLAP

Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet korporasiýasynyň buýurmasy boýunça «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) hem-de «Çalik Enerji Swiss AG» (Şweýsariýa) kompaniýalarynyň konsorsiumy ýakyn wagtda Büzmeýin döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde energetika enjamlaryny abatlaýyş we olara hyzmat ediş merkezini gurar.

Ahal — Bal­kan we Bal­kan — Daşoguz elektrik geçiriji ulgamlary gurmak arkaly ýurdumyzyň halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmek boýunça beýleki bir giň möçberli taslama Aziýa ösüş bankynyň ýeňillikli karzynyň hasabyna durmuşa geçiriler. Şol birwagtyň özünde «Ser­dar — 220» elekt­rik podstansiýasynyň gurluşygy başlanar. Onuň birinji böleginiň uzynlygy 450 kilometre barabar bolar. Mundan başga-da, halkalaýyn energiýa ulgamyny gurujylar güýjenmesi 500 kW bolan howa elektrik geçiriji ulgamyň 560 kilometrini çekerler, podstansiýalaryň dördüsi işe giriziler. Taslamany maliýeleşdirmäge Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk banky hem gatnaşýar.

Bu çäreleriň amala aşyrylmagy diňe bir iri senagat toplumlaryny we ýurdumyzda yzygiderli gurulýan köpsanly durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen mundan beýläk-de durnukly üpjün etmäge däl, eýsem, ony goňşy döwletlere eksport etmäge hem mümkinçilik berer. Şeýle çemeleşme sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak bilen şertlendirilendir.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň hem-de türkmen elektrik energiýasynyň eksport edilýän Eýran Yslam Respublikasynyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary aýratyn bellemelidiris. 2018-nji ýylyň iýul aýynda geçirijilik ukyby sagatda 100 megawat bolan, uzynlygy 112 kilometrlik Ra­bat­ka­şan — Ka­laý­nau elekt­rik geçiriji ulgamynyň işe girizilmegi Owganystana uly kömek berilýändiginiň aýdyň mysallarynyň biridir. Bu taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň hünärmenleri elektrik üpjünçilik desgalarynyň birnäçesini, şol sanda beketleri gurdular. Öňden hereket edýän Ymam­na­zar — And­hoý we Serhe­ta­bat — Hy­rat elekt­rik ge­çi­ri­ji ulgamlar bilen birlikde Rabatkaşan — Ka­laý­nau ul­ga­my goň­şy ýur­duň energetika düzüminiň möhüm bölegi bolup hyzmat edýär.

Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan (TOP) elekt­rik ge­çiriji ulgamynyň gurluşygynyň taslamasy möhüm ähmiýete eýedir. Ol TOPH gaz geçirijisi bilen bilelikde çekilýär. Şu ýylyň 1-nji fewralynda meşhur «Çalik Holding A.Ş.» türk kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolup durýan «TAPP-500 Power Transmission Line FZE» kompaniýasy bilen bilelikde Mary DES-i — Hy­rat şä­he­ri (EYR) ugry boýunça TOP-yň türkmen böleginde güýjenmesi 220 kW bolan täze ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyny gurmagyň taslamasyny durmuşa geçirmäge badalga bermek mynasybetli dabara geçirildi. Elektrik geçirijiniň gurluşygynyň doly tamamlanmagy bu geçirijiniň düzümleýin desgalarynyň ählisini energiýa bilen üpjün etmekden başga-da, elektrik energiýasyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna ibermäge mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň bitewi energetika ulgamyna işjeň goşulmagy bolsa Türkmenistan — Öz­be­gis­tan — Tä­ji­gis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan hal­ka­ra taslamasynyň çäklerinde türkmen elektrik energiýasynyň iberilýän möçberlerini ep-esli artdyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmekde möhüm orun eýelär.

Türkmenistanyň şu ýylyň dokuz aýynyň jemleri boýunça durmuş-ykdysady ösüşiniň makroykdysady görkezijileri ýurdumyzyň elektrik energetika pudagynyň durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär. Energetika ministrligi boýunça şu döwürde öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň hem-de edilen hyzmatlaryň ösüş depgini 129,7 göterime barabar boldy. Meýilnama 118 göterim ýerine ýetirildi.

Aşgabatda her ýyl geçirilýän Halkara sergi we ylmy maslahat Türkmenistanyň energetika pudagynyň ägirt uly kuwwatyny hem-de dünýäniň işewür toparlarynyň we maýadarlarynyň bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga gyzyklanmasynyň barha artýandygyny görkezýär. Şol forumlara Russiýadan, ABŞ-dan, Germaniýadan, Italiýadan, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Eýrandan, Belarusdan, Ukrainadan we beýleki ýurtlardan esasy kompaniýalar hem-de ugurdaş düzümler işjeň gatnaşýarlar.

Gurulýan döwrebap obalary, täze önümçilikleri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, pudagyň işgärleri elektrik energiýasyny öndürmegiň täze taslamalaryny teklip edýärler. Günüň we ýeliň energiýasyny ulanmak arkaly onuň alternatiw çeşmeleriniň geljegi uly hasaplanylýar. Aşgabatda täze şäheriň, Balkan welaýatynda, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň golaýynda döwrebap obanyň meýilleşdirilen gurluşygynyň çäklerinde bu energiýa çeşmelerini ulanmagyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň fewral aýynda Mejlisiň deputatlary bilen bolan duşuşykda döwlet Baştutanymyzyň «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy öňe sürüldi.

2019-njy ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy institutynyň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň garamagyna berilmeginiň esasy maksadyny ylym bilen önümçiligiň arasynda berk gatnaşyklary ýola goýmakdan, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdygyny ýatlatmalydyrys.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda bolsa ýokary hünärli ýaş hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlaryň ylmy işläp taýýarlamalara gyzyklanmasyny höweslendirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Hususan-da, elektrik stansiýalaryndaky energetika enjamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, elektrik energiýasynyň önümçiliginiň özüne düşýän gymmatyny azaltmak, ýurdumyzyň bitewi energiýa ulgamyny netijeli dolandyrmak ýaly möhüm meseleler professor mugallymlar düzüminiň hem-de talyplaryň üns merkezinde durýar.

 

Jumanazar GA­RA­JA­ÝEW, «Aş­gabat» gazetiniň sy­ýasy synçysy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.