Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HALKYMYZYŇ SAGLYGY — DÖWLETIMIZIŇ BAÝLYGY

Döwletimizde hereket edýän syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işjeňleri häzirki günlerde welaýatymyzyň ähli ýerlerinde, etrapdyr şäherlerinde, edara-kärhanalarda, bilim we terbiýeçilik edaralarynda, geňeşliklerde döwletimiziň we jemgyýetimiziň esasy gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak, ilatyň saglyk babatda düşünjeliligini has-da ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň wajypdygyny düşündirmek bilen bagly giň gerimli wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini alyp barýarlar. Şeýle çäreleriň biri ýakynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler jaýynda geçirildi. Oňa welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aşyrdurdy Allaýew, TMÝG-nyň welaýat geňeşiniň başlygy Magsat Otuzow, TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Babajyk Babajykow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hünärmeni Güljemal Nazarowa, TDP-niň şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Didar Osmanow, TMÝG-nyň welaýat geňeşiniň hünärmenleri Uzuk Nepesowa hem-de Mämetjan Babaýew dagy çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiziň sargytlaryna ygrarly bolup, agyz-burun örtügini dakynmak bilen biz özümizi, dogan-garyndaşlarymyzy, goňşy-golamlarymyzy we töweregimizdäki adamlary, ýylyň ähli paslynda hem howa arkaly dem alyş ýollarynyň üsti bilen geçýän dürli kesellerden gorap bileris.

Şular dogrusynda aýtmak bilen, çykyş edenler halkymyzyň saglygyny döwletimiziň baş baýlygyna deňeýän we bu ugurda ummasyz işleri durmuşa geçirýän lukman hem-de alym Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

 

Merdan MEREDOW, TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.