Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝAŞLARYŇ BAR ÝERINDE

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy bilen ata Watanymyzyň oba hojalyk pudagy güýçli depginde ösüşlere, özgerişlere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýer eýelerimize tehnikalaryň yzygiderli gelip gowuşmagy ekinlere ideg etmegiň, agrotehniki çäreleriň ýokary hilli geçirilmegine mümkinçilik berýär. Şeýle hem pagtaçylaryň, gallaçylaryň ýokary hilli, bol hasyl berýän tohum, ýokumly dökün bilen ýeterlik üpjün edilmegi bolsa ýer eýeleriniň bereketli hasyl öndürmeklerine ýol açýar. Topragyň diline düşünýän daýhanlarymyz ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda taraşlan, daýhançylyk işlerini kämilleşdirip dowam etdirýärler. Esasan-da, ony häzirki zamanyň ekerançylyk ylmy bilen utgaşdyryp, iş tejribesini, hyjuwuny, yhlasyny gaýgyrman höwesli işleýän daýhanlarymyzyň iş durmuşlarynda görmek bolýar.

Munuň şeýledigini etrabymyzyň ekerançylarynyň ýylyň-ýylyna ýokary netijelere eýe bolmaklarynda hem göz ýetirmek bolýar. Daýhanlar Arkadag Prezidentimiziň aýdyň maksatnamalaryndan ugur alyp, oba hojalygynyň ösmegine saldamly goşantlaryny goşýarlar. Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda etrabymyzyň “ak altyn” ussatlary bereketli meýdana yhlas edip, senagatymyz üçin gymmatly çig mal bolan ýokary hilli pagtanyň 16100 tonnadan gowragyny welaýatymyzda ilkinjileriň hatarynda Watan harmanyna tabşyrmaga hötde geldiler. Kärendeçi, “ak altyn” ussatlarymyz alyn derini saçyp, bereketli toprakda kemala gelen ak pagtany wagtynda, isripsiz ýygnap almakda özara ýaryşyň gerimini güýçlendirýärler. Daýhan birleşikleriniň, toparlaryň, pagtaçy kärendeçileriň özara ýaryşyp, joşgunly zähmet çekmekleri üçin amatly şertler döredildi. TMÝG-niň etrap geňeşiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrap häkimliginiň yglan eden her ongünlük ýaryşynyň jeminde öňdebaryjylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Etrabymyzyň ýokary görkezijilere eýe bolmagynda “Marçak”, “Ýaşlyk”, “Saryýazy”, “Azatlyk” daýhan birleşikleriniň pagtaçylarynyň goşan goşantlary ýokary boldy. Uly ynam, aýdyň maksat bilen işleýän daýhanlarymyzyň zähmet bady barha artýar. Olar mukaddes Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuna sowgatly barmak hyjuwy bilen joşýarlar.

Oba hojalygynda ýokary görkezijileriň gazanylmagynda TMÝG-niň etrap geňeşiniň agzalary bolan öňdebaryjy hyjuwly ýaşlaryň 500-e golaýynyň yhlasly zähmet çekendigini buýsanç bilen belläp geçesimiz gelýär. Olaryň arasynda kombaýnçy, topar ýolbaşçysy, pagtaçy kärendeçi, gallaçy, pileçi, bagban, şeýle-de gök ekerançy hem bar. Ýaşlarymyz Watan harmanynyň beýgelmegine joşgunly zähmet goşandyny goşup, agzybirlikli, gujur-gaýratly işläp, öňdeligi eýelediler. Ýaşlaryň bar ýerinde ýeňiş hem bar.

 

Maral SEÝITJANOWA. TMÝG-niň Tagtabazar etrap geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.