Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝAŞLAR — WATANYMYZYŇ GELJEGI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şanly wakalaryň ýyly bolan Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda päk zähmeti bilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň pajarlap ösmegine goşandyny goşýan bagtyýar halkymyz hormatly Prezidentimiziň saýasynda, döwletli döwranda, eşretli durmuşda ýaşaýar. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyny ýokary görkezijiler, uly üstünlikler bilen garşylamagy maksat edinýän halkymyz buýsanç bilen döredijilikli işleýär. Munuň özi bolsa ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanyp, agzybir halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň barha ýokarlanmagyna ýol açýar.

Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýetimizde sagdyn durmuşy dabaralandyrmak barada gönükdiren möhüm wezipeleri giň gerim alýar. Her bir raýatyň arzuwy hasyl bolýan, behişdi mekana öwrülen Bitarap döwletimizde halkymyzyň parahat, abadan, asuda durmuşynyň berjaý edilmegi möhüm wezipedir. Ajaýyp zamanamyzda şeýle wezipelerden ugur alýan etrabymyzyň ýaşlarynyň arasynda zyýanly endiklerden, çilimden, nasdan, arakhorlukdan daşda durmak, öýjükli telefonlary kadaly ulanmak barada wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.

Şeýle wezipelerden ugur alnyp etrabymyzyň ýaşlarynyň arasynda tertip-düzgüniň berk berjaý edilmegi ugrunda TMÝG-niň etrap geňeşiniň hünärmenleri tarapyndan TKA-niň etrap birleşmesi bilen bilelikde mekdeplerde, edara-kärhanalarda, daýhan birleşiklerde wagyz-nesihat duşuşyklarynyň geçirilmegi hem muňa mysaldyr. Bu bolsa ýaşlara ak ýürekden zähmet çekmäge, ylym-bilim almaga, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine ýardam berýär.

 

Wepa BERDIGYLYJOW. TMÝG-niň Tagtabazar etrap geňeşiniň hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.