Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝAŞYL ZOLAKLAR DÖRE DILÝÄR

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda indi köp ýyllardan bäri ýurdumyzda bag ekmek işi üstünlikli durmuşa geçirilip gelinýär. Bu asylly işiň netijesinde güneşli Diýarymyzyň çar tarapy bagy-bossanlyga öwrülýär. Watanymyzyň gözel paýtagty Aşgabat şäheriniň daş-töwereginde ýaşyl zolaklar emele gelýär. Bagly-bossanly ýerleriň möçberi ýylsaýyn artýar. Ýurdumyzyň ekologiýa taýdan oňaýly bolmagynda bag-bakjalaryň, ösümliklerdir gülleriň peýdasy uludyr.

Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerilip, Diýarmyzda her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda millionlarça düýp bag nahallaryny topraga ekmek möwsümi geçirilýär. Munuň özi biziň Mary atçylyk sport toplumymyz üçinem örän ähmiýetlidir. Onuň günbatar tarapynda birnäçe ýyl öň ekilen baglar kadaly ösüşe eýe bolýar. Häzirki wagtda ol ýerdäki baglar töwerek-daşa görk berýär.

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynyň güýz paslynyň bag ekmek dabarasy hem welaýatymyz boýunça üstünlikli geçirildi. Bu işde on müňlerçe düýp sosna, tut hem-de beýleki bag nahallary ekildi. Olaryň oňat düýp tutmagy üçin hem ýeterlik aladalar edilýär. Geljekde bagly ýerleriň tokaý görkanalygyny döretjekdigine hemmämiz guwanýarys.

Milli Liderimize egsilmez alkyş sözlerini aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň ömri uzak, jany sag, belent başy aman bolsun! Alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlansyn!

 

Mähri MIMINOWA. Mary atçylyk sport toplumynyň hünärmeni. KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.