Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GUWANDYRAN SOWGAT

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda uly öňegidişlikler gazanyldy. Ýurdumyzda mähriban halkymyzyň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda uly işler alnyp baryl- ýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 12-nji jildiniň çapdan çykmagy ähli ildeşlerimiz bilen bir hatarda saglygy goraýyş işgärleri üçin hem ajaýyp sowgat boldy. Bu kitapda Türkmenistan döwletimiziň gözel ýerleriniň owadan suratlary ýerleşdirilipdir. Bu kitapda 120 sany öň öwrenilmedik dermanlyk ösümlikleriň häsiýeti, ýaşaýyş aýratynlygy, tebigy gory, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy, derman taýýarlanylyşy hem ulanylyşy barada diňe saglygy goraýyş işgärleri däl-de, ähli halk üçin örän düşnükli dilde ýazylypdyr.

Şeýle-de, bu kitabyň soňunda dermanlyk ösümlikleriň atlarynyň türkmençe, rusça we latynça sözlügi, dermanlyk ösümlikleriň çig mallaryny ýygnamagyň senenamasy ýerleşdirilipdir. Alym Arkadagymyzyň her bir döredýän eserleri biziň ýagty geljegimize şöhle saçýar. Bu kitap saglygy goraýyş işgärleriniň ýankitabyna öwrülip, keselleriň öňüni almakda hem-de keselleri bejermekde uly peýda berer.

 

Tawus HOJANIÝAZOWA. Mary welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň lukmany, KA-nyň işjeň agzasy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.