Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNDA BIZ BELLÄN BEÝIK MAKSATLARYMYZA YNAMLY ÝETERIS

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlary bilen duşuşdy

 

AŞ­GA­BAT, 25-nji few­ral (TDH). Şu gün Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Duşuşygyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz maslahat geçirip, Mejlisiň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipeleri boýunça pikir alyşdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetiň demokratik esaslaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda bu düzümlere möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary öň­de durýan wezipelere amal edilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara derejede ykrar edilýändigini, täze işlenip taýýarlanylýan kanunlaryň we döwlet derejesinde kabul edilýän çözgütleriň mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek işleriniň yzygiderli alnyp barylmalydygyny nygtady.

Mejlisiň ýolbaşçylary milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak, halkyň arasynda guralýan jemgyýetçilik-syýasy çäreleriň dowamynda Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini, many-mazmunyny giň­den wagyz etmek, halkara hyzmatdaşlygy işjeň­leşdirmek, parlamentiň işine ösen tejribeleri ornaşdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň öwüt-ündewlerini hem-de maslahatlaryny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny habar berdiler.

Soň­ra ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň ýolbaşçylary täze taryhy eýýamda Türkmenistanda giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini bellediler. Şunda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda, halkara hyzmatdaşlygy işjeň­leşdirmekde alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär.

Jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary amala aşyrylýan işler, şol sanda Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Zenanlar birleşiginiň agzalarynyň raýatlarymyzyň we ýurdumyzyň zenanlarynyň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramak boýunça görýän çäreleri barada habar berdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleri tarapyndan hormatly Prezidentimiziň ýaşlar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, olaryň jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalaryna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça öň­de goýan möhüm wezipeleriniň amala aşyrylyşy barada aýdyldy.

Milli Liderimiz kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralaryň işini kämilleşdirmek, möhüm kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi we durmuşa geçirilmegi, raýat jemgyýetiniň demokratik edaralarynyň durmuşa geçirýän çäreleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagy bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyna ünsi çekdi. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň parahatçylykly ösüşine, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine hem-de onuň many-mazmunyny açyp görkezmek boýunça köpçülikleýin wagyz-nesihat çärelerini guramaga aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Munuň özi ýurdumyzda ýaýbaň­landyrylan özgertmeleri işjeň ilerletmekde, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda möhüm orun eýeläp, türkmenistanlylary täze, uly zähmet ýe­ňişlerine ruhlandyrýar .

Bu gün raýatlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi, türkmenistanlylaryň, şol sanda zenanlaryň we ýaşlaryň döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanylmagy, ýaş nesliň döwrebap terbiýelenilmegi we bilim almagy bilen baglanyşykly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda öň­de durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.

 

(TDH).

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.