Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÇEMPION BILEN DUŞUŞYK

Gök­de­pe et­ra­by­nyň Ba­ba­rap obasyn­da­ky ýaş olim­pi­ýa­çy­la­ry taý­ýar­laýyş sport mek­dep-in­ter­na­tyn­da Türkmen döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň 5-nji ýyl ta­ly­by, Hal­ka­ra agyr at­le­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy ta­ra­pyndan 45 ki­log­ram ag­ram­da­ky tür­genle­riň ara­syn­da dün­ýä­niň çem­pio­ny diý­lip yk­rar edi­len, mil­li ýy­gyn­dy topa­ry­my­zyň tür­ge­ni Ýul­duz Ju­ma­baýe­wa bi­len du­şu­şyk ge­çi­ril­di. We­la­ýat hä­kim­li­gi, we­la­ýa­tyň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty Baş mü­dir­li­gi, Türk­me­nis­tanyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi we bu mer­ke­ziň Ahal we­laýat bir­leş­me­si ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan du­şu­şy­ga sport mek­dep-in­ter­na­ty­nyň okuw­çy­la­ry, ýaş tür­gen­ler hem-de jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy.

Ahal we­la­ýa­ty­nyň Sport we ýaşlar sy­ýa­sa­ty Baş mü­dir­li­gi­niň başly­gy­nyň we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji Gar­ry­gu­ly Gar­ry­gu­ly­ýew du­şu­şygy aç­mak bi­len, onuň hor­mat­ly myh­ma­ny Ýul­duz Ju­ma­ba­ýe­wany ga­za­nan üs­tün­li­gi bi­len gut­la­dy hem-de mil­li Li­de­ri­mi­ziň türk­men tür­gen­le­ri­niň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ýa­ryş­la­ra gat­naş­ma­gy we üs­tün­likli çy­kyş et­me­gi ug­run­da­ky ed­ýän taý­syz ta­gal­la­la­ry, dö­red­ýän giň şert­ler­idir müm­kin­çi­likleri ba­ra­da du­rup geç­di.

Soň­ra tür­gen Ýul­duz Ju­ma­ba­ýewa çy­kyş edip, spor­ta ber­ýän ün­si, ýaş­la­ryň sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy, bu ugur­da tap­lan­ma­gy we uly be­lentlik­le­re ýet­me­gi ug­run­da­ky ala­da­la­ry üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň adyna al­kyş söz­le­ri­ni aýt­dy.

—Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­tyn­da 45 ki­log­ramag­ram­da çy­kyş edip, 1-nji or­na we al­tyn me­dala my­na­syp bo­lan­dy­gy­my göz öňünde tu­tup, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz me­ni Türk­me­nis­ta­nyň «Wa­ta­na bolan söý­gü­si üçin» me­da­ly bi­len sylag­la­dy, şeý­le-de ma­ňa «Lexus LX570 Sport Plus» ky­sym­ly ýeňil aw­tou­lag se­riş­de­si­ni sow­gat ber­di. Bu sy­lag-ser­pa­ýy hor­mat­ly ­Pre­zi­den­ti­mi­ziň da­ba­ra­ly ýag­daý­da ma­ňa gow­şur­ma­gy dur­mu­şym­daky iň tol­gun­dy­ry­jy, şat­lyk­ly pur­sat­lar bol­dy hem-de me­ni has uly üs­tün­likle­re ruh­lan­dyr­dy — di­ýip, çem­pion tür­gen Ýul­duz Ju­ma­ba­ýe­wa şat­ly­gyny be­ýan et­di.

Du­şu­şy­gyň myh­ma­ny oňa gat­naşy­jy­la­ra spor­ta gel­şi, sport til­sim­leri­ni öw­re­ni­şi, kä­mil­le­şi­şi we gel­jek­ki mak­sat­la­ry ba­ra­da gür­rüň ber­di, şeýle-de ýaş­la­ra öz­le­ri üçin dö­re­di­len giň müm­kin­çi­lik­ler­den ne­ti­je­li peý­dala­nyp, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne berk eýer­mek, tür­gen­le­şik­le­re we sport ýa­ryş­la­ry­na iş­jeň gat­naş­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly gym­mat­ly mas­lahat­la­ry­ny ber­di.

Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça Türk­menis­ta­nyň Mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň tä­lim­çi­si, Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry sport us­sat­ly­gy mek­de­bi­niň agyr atle­ti­ka bö­lü­mi­niň tä­lim­çi-mu­gal­ly­my Me­ret­gu­ly Sä­het­my­ra­do­w çy­ky­şynda şä­gir­di Ýul­duz Ju­ma­ba­ýe­wa­nyň ga­za­nan aja­ýyp üs­tün­li­gi­ne gu­wanýan­dy­gy­ny, mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­myz­da sport-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ni, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni ös­dür­mek ug­run­da ed­ýän taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň aja­ýyp mi­we­si­di­gi­ni aýt­dy.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Ylym we bi­lim iş­gär­le­ri­niň kär­deş­ler ar­ka­la­şygy­nyň Ak bug­daý et­rap Ge­ňe­şi­niň hü­när­me­ni, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­siniň de­pu­ta­ty Baý­ram­sol­tan My­ra­dowa hem tür­gen Ýul­duz Ju­ma­ba­ýe­wany aja­ýyp üs­tün­li­gi bi­len gut­lap, oňa ýe­ne­ki ýa­ryş­lar­da hem üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. Soň­ra türk­men spor­tunyň buý­san­jy, agyr at­le­ti­ka­çy Ýul­duz Ju­ma­ba­ýe­wa Türk­me­nis­ta­nyň Kärdeş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­kezi we bu mer­ke­ziň Ahal we­la­ýat birleş­me­si ta­ra­pyn­dan ýö­ri­te sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.

 

Ýörite habarçymyz.

SU­RAT­DA: du­şu­şyk­dan pur­sat­.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.