Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ZÄHMET GATNAŞYKLARYNYŇ KÄMIL ÝÖRELGESI

Türkmenistanyň Zähmet kodeksi raýatlaryň zähmet hukuklarynyň döwlet kepillendirmelerini bellemekde, zähmetiň amatly şertlerini döretmekde, işgärleriň we iş berijileriň hukuklaryny we bähbitlerini goramakda esasy kanun bolup durýar. Ol raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklaryny durmuşa geçirmekleri üçin zerur şertleri we kepillikleri döretmekligi, adamlaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaklygy, durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen zähmet gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmekligi üpjün edýän möhüm kanunçylyk resminamasydyr. Oňa işgärleriň, iş berijileriň, döwlet, häkimiýet we dolandyryş, ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň arasynda zähmet we olar bilen gös-göni baglanyşykly beýleki gatnaşyklary düzgünleşdirmegiň meselelerini kadalaşdyrmagy üpjün etmäge gönükdirilen ýörite bölüm — «Zähmet çygrynda durmuş hyzmatdaşlygy» diýen bölüm girizilendir.

Jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmakda, sagdyn durmuşy wagyz etmekde, zähmetkeşler üçin howpsuz we amatly iş şertlerini döretmäge jemgyýetçilik gözegçiligini artdyrmakda, olaryň tagallalaryny täze özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirmekde, bir söz bilen aýdylanda, durmuş hyzmatdaşlygynyň ulgamynyň sazlaşykly hereketini üpjün etmekde köpçülikleýin şertnamalara we ylalaşyklara möhüm orun degişlidir.

Köpçülikleýin şertnama kärhanadaky durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän hem-de işgärleriň we iş berijiniň, olaryň ygtyýarly edilen wekilleriniň üsti bilen baglaşylýan hukuknamasydyr. Ol zähmet gatnaşyklarynyň şertnama esasynda düzgünleşdirilmegine ýardam etmek maksady bilen baglaşylýar. Köpçülikleýin şertnama işgärleriň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýa-da beýleki wekilçilikli edaralaryň, şonuň ýaly-da iş beriji tarapyndan gös-göni ýa-da onuň ygtyýarly eden wekilleriniň arasynda 1 ýyldan 3 ýyla çenli möhlete baglaşylýar.

Iş beriji bilen köpçülikleýin şertnamany baglaşmagyň zerurlygy hakyndaky çözgüdi kabul etmek hukugyna kärdeşler arkalaşyklary eýedirler we olar muny, esasan, zähmetkeşler köpçüliginiň gös-göni umumy ýygnagynyň üsti bilen amala aşyrýarlar. Köpçülikleýin şertnamany, ylalaşygy işläp taýýarlamak, baglaşmak, üýtgetmek ýa-da üstüni ýetirmek üçin iş beriji bilen kärhananyň işgärleriniň wekilçilikli edarasynyň arasynda köpçülikleýin gepleşikler geçirilýär. Olar bu resminamanyň mazmunyny we düzümini kesgitleýärler.

Köpçülikleýin şertnama kärhananyň ykdysady we maliýe mümkinçilikleri nazara alnyp, beýleki şertler, şol sanda Zähmet kodeksinde we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalarynda bellenilen kadalara we düzgünlere garanyňda, has ýeňillikli zähmet we durmuş-ykdysady şertler girizilip bilner. Hereket edýän kanunlaryň talaplaryna ters gelýän we işgärleriň hal-ýagdaýlaryny ýaramazlaşdyrýan borçnamalar köpçülikleýin şertnama girizilip bilinmez. Şonuň ýaly-da hereket edýän kanunçylyknamalarynda kadalaşdyryjy düzgünleri hökmany suratda köpçülikleýin şertnama girizmek hakynda göni tabşyryknama bar bolsa, onda şol kadalaşdyryjy düzgünler köpçülikleýin şertnama hem girizilýär.

Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, etrap, şäher birleşmeleri, olaryň ilkinji guramalary ýerlerde köpçülikleýin şertnamalaryň we ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň jemini jemlemek we olary täze möhletler üçin kabul etmek boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirýärler. Köpçülikleýin şertnamalaryň we ylalaşyklaryň geçen ýyl üçin baglaşylanlarynyň ýerine ýetirilişiniň jemini jemlemek we olary täze möhlete baglaşmak barada işler alnyp baryldy. Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary bilen ylalaşylyp düzülen rejeleriň esasynda ýerlerde ýygnaklar we konferensiýalar guramaçylykly geçirildi.

Ýerlerde köpçülikleýin şertnamalaryň ýerine ýetirilişiniň jemlerini jemlemekde edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalary bilen bilelikde iş alyp barmaklarynyň netijesinde, ýörite buýruk esasynda işçi toparlary döredildi we geçen döwürde edilen işlere seljerme geçirilip, täze kabul ediljek köpçülikleýin şertnamalara degişli teklipleri girizmek boýunça yzygiderli çäreleri alyp bardylar. Netijede 2021-nji ýyl üçin welaýatymyz boýunça jemi 591 sany köpçülikleýin şertnama, 12 sany pudaklaýyn ylalaşyk we 11 sany sebit ylalaşygy baglaşyldy.

Welaýatymyzda zähmeti gora mak, zähmet howpsuzlygynyň we önümçilik sanitariýasynyň düzgünleriniň kada-kanunlarynyň berjaý edilişi boýunça netijeli işler geçirilýär. Şeýle hem ylalaşyklarda we şertna malarda göz öňünde tutulan zähmeti goramagyň düzgünleri boýunça öňüni alyş we duýduryş çäreleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik alnyp barylýar. Önümçilik pudaklarynyň kärhanalarynda aýratyn agyr we zyýanly işlerde işleýän işgärleri gorag serişdeleri, ýörite iýmit, ýörite egin eşikler, aýakgaplar bilen mugt üpjün etmeklik köpçülikleýin şertnamalarda göz öňünde tutulýar.

Köpçülikleýin şertnamalar we ylalaşyklar durmuş hyzmatdaşlygy ulgamynyň esasy mehanizmi bolmak bilen, zähmet-durmuş gatnaşyklaryny sazlamakda, işgärleriň we iş berijileriň agzybir, jebis, özara düşünişmek we durmuş hyzmatdaşlygy esasynda iş alyp barmaklary üçin möhüm ähmiýete eýedir. Durmuş hyzmatdaşlygy bolsa häzirki zaman durmuş, zähmet gatnaşyklarynyň esasy ýörelgesidir.

 

Rozygül KOÇKAROWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bölüm müdiri.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.